Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Gadaganlyk kanuny ýetim çagalara ünsi çekýär


Ogullyga alynmagy gadaganlyga gabat gelen orsýetli ýetginjek Maksim Kargapoltsev.

Ogullyga alynmagy gadaganlyga gabat gelen orsýetli ýetginjek Maksim Kargapoltsev.

Geçen hepde Maksim Kargapoltsew Moskwadan 1500 kilometr uzakda ýerleşýän senagat şäheri bolan Çelýabinskiniň ýetimler öýünde ýaşaýan adaty oglanjykdy. Häzirki wagtda onuň sarsgynly başdangeçirmeleri Orsýetiň we beýleki ýurtlaryň köpçülikleýin habar serişdeleriniň baş habaryna öwrüldi.

9-njy ýanwarda Çelýabinskidäki habarçylar, Maksimiň ABŞ-daky täze maşgalasyna berilmegini haýyş edip, prezident Wladimir Putine hat ýazandygy barada ýalňyş habar berdiler. Şondan bäri ol köpçüligiň üns merkezine düşdi.

Ýaş ýetginjegiň ABŞ-ly maşgala tarapyndan ogullyk alynmagyna gaty az wagt galypdy. Ýöne Orsýetde Täze ýylyň ilkinji gününden ors çagalarynyň amerikalylara perzentlige berilmegini gadagan edýän kanun güýje girensoň, onuň ABŞ-da täze durmuşa başlamak baradaky arzuwlary puja çykdy.

Onuň bu sarsgynly başdangeçirmesi, ABŞ-lylar tarapyndan perzentlige alynmagyna garaşýan 50 töweregi ýetim çaganyň nämälim gelejegine hem ünsi çekdi. Şol çagalaryň perzentlige alynmak baradaky işleri hem gadagançylyk sebäpli soňa goýuldy.

Penşenbe güni Maksim şu wagtdan öz maşgalasy hasaplaýan adamlaryny, är-aýalyň suratlaryny buýsanç bilen habarçylara görkezipdi. “Bular Mil we Daýana. Bu biziň tomusdaky duşuşygymyz” diýip, Maksim gürrüň beripdi.

Putine hat ýazmak Aýazbaba hat ýazan ýaly

Maksim Putine hat ýazmandygyny, Putine hat ýazmagyň Aýazbaba hat ýazan ýaly manysyzdygyny aýtdy. Şeýle-de, Maksim Mil bilen Daýana Walleniň özüni ogullyk almak baradaky işlere mundan bir ýyl öň başlandygyny aýtdy. Ýöne ol, ABŞ-nyň raýatlaryna ors çagalaryny perzentlige almagy gadagan edýän kanunyň güýje girmegi bilen, bu işiň kynlaşandygyny aýtdy.
Men nähili-de bolsa, ulalaryn. Men olar bilen ABŞ-da bilelikde ýaşaryn, eger häzir bolmasa-da, soňra giderin” diýip, Maksim aýtdy.


Maksim güýje giren täze kanuna garamazdan, ABŞ-a gidip, Wallenler bilen ýaşamaga meýillidigini aýdýar.

“Eger ýok bolsa, onda ýok. Biz göreşimizi dowam etdireris. Men mekdebi tamamlamagy, soňra-da resmi ýagdaýda tehnikuma girmegi planlaşdyrýaryn. Men nähili-de bolsa, ulalaryn. Men olar bilen ABŞ-da bilelikde ýaşaryn, eger häzir bolmasa-da, soňra giderin” diýip, Maksim aýtdy.

Wallenler “Birleşen metodist” ybadathanasynyň wekili hökmünde Çelýabinskide ýerleşýän ýetimler öýüne ençeme gezek sapara geldiler. Olar çagaka ýetimler öýüne taşlanyp gidilen Maksimi halandyklaryny we ony perzentlige almagy ýürege düwendiklerini aýdýarlar.

Orsýetiň reaksiýasy

Orsýetiň resmileri Maksimiň geljeginiň Orsýetde iň bärkisi ABŞ-dakydan pes bolmajagyny aýdyp, bu işe çaltlyk bilen reaksiýa görkezdiler.

Çelýabinsk regionynyň häkimi Mihail Ýurýewiç Maksime täze telefon we beýleki ýetim çagalara hem sowgatlar berip duran pursaty Orsýetiň döwlet telewideniýesinde görkezilipdi.

Häkim Ýurýewiç, Maksimiň saglyk problemasynyň bardygyny we onuň Ysraýylda bejergi almagy üçin kömek etjekdigini aýtdy.

Milletçi ”Liberal Demokratik partiýadan” Çelýabinskä wekilçilik edýän parlament agzasy Sergeý Waýnşteýn hem Maksimi öz hossarlygyna alyp, onuň gowy bilim almagyny üpjün etmegi teklip etdi.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu meselä aralaşyp, 10-njy ýanwarda Orsýetiň garaşsyz “Dožd” (Ýagyş) telekanalyna beren interwýusynda Maksimiň Putine hat ýazmandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Wallenleriň Maksimi näme üçin perzentlige alyp bilmeýändigini derňejegini aýtdy.

Peskow ors çagalarynyň perzentlige alynmagy baradaky kanun boýunça bulaşyk ýagdaýy has çylşyrymlaşdyryp, ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky beýleki bir ylalaşygyň bir ýyla çenli öz güýjünde galjakdygyny hem sözüne goşdy.

Ozal perzentlige alnanlar saklanmaz

Emma ol agzalýan kanun güýje girmezden ozal, ABŞ-ly maşgalalar tarapyndan perzentlige alynmagy sud tarapyndan bireýýäm tassyklanan çagalaryň ýurdy terk etmegine rugsat ediljekdigini hem mälim etdi.

“Bu ylalaşyk Orsýeti çagalary perzentlik bermäge hiç bir jähtden borçly edenok. Bu ylalaşyk ol ýerde biziň çaglarymyz üçin gözegçiligi kadalaşdyrýar” diýip, Dmitriý Peskow aýtdy.

1999-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň raýatlary Orsýetden 45 müňden gowrak çagany perzentlige aldylar. Geçen ýylyň dowamynda perzentlige alnan osrýetli çagalaryň sany bolsa bir müň töweregidir.

Häzirki wagtda 650 müňden gowrak çaga Orsýetiň hökümetiniň hossarlygynda ýaşaýar. Olaryň köpüsi ýetim bolman, maşgalasy tarapyndan taşlanyp gidilen ýa-da problemaly öýlerden alnan çagalardyr.
XS
SM
MD
LG