Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Deport bolmazlygyň ýollary


Stambulyň beýik binasynyň üstünden alnan surat. 9-njy ýanwar, 2013 ý.
Stambulyň beýik binasynyň üstünden alnan surat. 9-njy ýanwar, 2013 ý.
Sanlary takyk bolmasa-da, Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň iň köp barýan ýurtlarynyň başyny çekýär. Umuman aýdylanda, şeýle türkmenistanlylaryň aglabasy ýurda üç aýlyk turist wizasy bilen girip, ondan soň bikanun ýagdaýa düşýärler.

Şeýle ýagdaýdaky adamlaryň tutulyp, yzyna iberilýän halatlary hem seýrek bolmaýar. Eýsem, bikanun ýagdaýdan çykmagyň ýollary näme? Bikanun ýagdaýda tutulyp, deport edilen adamlar Türkiýedäki öz mal-mülkleriniň eýeçilik haklaryny nähili gorap bilýärler?

Azatlyk Radiosy, sany-sajagy bilinmeýän türkmenistanly maşgalalaryň gündelik durmuşynda esasy rol oýnaýan bu tema bilen gyzyklanyp, Türkiýäniň migrasiýa kanuny boýunça bilermeni, Kilis 7 Aralyk uniwersitetiniň işgäri, ylymlaryň dossenti, doktor Mustafa Paksoý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bäş ýyldan gowrak wagt bäri Türkiýede wizasyz, gaçgak ýaşap, işläp ýören bir türkmenistanly kanuny ýagdaýa eýe bolmak üçin näme etmeli? Ýagny gaçgak ýagdaýdaky bir daşary ýurtly nädip özüni kanunylaşdyryp biler?

Mustafa Paksoý: Türkiýedäki täze kanun bilen, haýsy ýurtdan bolandygyna garamazdan, gaçgak ýagdaýda işläp ýörenlere bir gezeklikçe jerimesini töläp, 6 aýlyk ýaşaýyş rugsadyny alyp, öz ýagdaýyny kanunylaşdyrmagyna mümkinçilik berilýär. “Türkiýeden öz ýurdyma giden mahalym yzyma gaýdyp bilmerin” diýip gorkýanlar, haýsy ýurdyň raýatydygyna garamazdan, şeýle täze kanundan peýdalandyryljak.

Täze kanundan peýdalanan gaçgak işçileriň pasportlaryna Türkiýeden çykan mahaly deport möhüri urlulmaz, şeýdip olaryň yzyna gaýdyp gelmegi çäklendirilmez. Öz yurdyndaky Türk ilçihanasyna baryp, wiza alandan soň, ol islän mahaly arkaýyn yzyna, Türkiýä gaýdyp biler. Ýöne täze kanundan hemme gaçgak işçiler peýdalanyp bilmeýär. Diňe kanuny bozmadyk, jenaýata ýa-da bidüzgünçilige goşulyşmadyklar bir gezekligine wizasyz ýaşan möhletiniň jerimesini töläp, öz ýurduna gaýtman, 6 aýlyk ýaşaýyş rugsady almaklyk baradaky täze kanundan peýdalanyp bilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede gaçgak ýagdaýda işläp ýörkä tulylan bir türkmenistanly yzyna gitmek islemedik halatynda Türkiýede nädip galyp biler? Kanun şeýle ýagdaýlarda gaçgaklara nähli haklary berýär?

Mustafa Paksoý: Şeýle ýagdaýda kanunda iki ýol bar: gaçgak işleýän biri tutylan halatynda, ýa ýaşaýyş rugsadyny, ýa-da işlemeklik rugsadyny alyp galyp bilýär. Munyň üçin gerek bolýan dokumentler ynha, şeýle: pasportunyň terjimesi, 6 aýlyk boljak myhmanhanasyndan hat ýa-da ýaşajak jaýynyň kireý şertnamasy, 1 ýyl ýa-da 6 aý möhletli kepillendiriş tassyklanan bolmaly.

Türkmenistandan gelip, Türkiýe raýatynyň ýanynda galjak bolsa, onda şol ýanynda galjak adamy Türkmenistan raýatynyň ýanynda ýaşajakdygy barada dilhaty bilen kepilnama bermeli. Şonuň ýaly-da, 3000 amerikan dollary möçberinde walýutany türk pulyna öwürdendigi barada hat görkezilmeli. Şeýle dokumetler jemlenip, 4 sany surat hem goşup, Türkiýedäki degişli welaýatyň polis edarasynyň daşary ýurtlylar bölümine ýüz tutmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede gaçgak ýagdaýdaky biri sebäbine garalman tutulanda, derrew deport ( ýagny ýurtdan kowulýarmyka) edilýärmikä? Türkiýede galjak diýse, galyp bilenokmyka?

Mustafa Paksoý: Türkiýäniň içeri işler ministrligi ýurda yzygiderli gelýän daşary ýurtly gaçgaklaryň öňüni almaklyk üçin, olar bikanun ýagdaýda tulylan halatynda, derrew yzyna ibermekligi saýlap alýar. Ýöne, eger saklanan damayň öz ýurdynda söweş ýagdaýy bar bolsa, ýa-da oňa haýsam bolsa bir sebäpden howp abanýan bolsa, onda ol halkara hukuk çäginde Türkiýede galyp, bosgunlyk üçin gaçybatalga-sygynma alyp bilýär. Mundan başga ýagdaýlarda tutylan daşary ýurtly gaçgaklar derrew deport edilýär, ýagny öz ýurduna iberilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede gaçgak işläp, mal-mülk edinen bir daşary ýurtly, meselem bir türkmen deport edilen halatynda, ýagny ýurtdan kowulan halatynda, işlän döwründe edinen mal-mülküni ýitirýärmi? Ol mal-mülk elden gidýärmi ýa-da deport edilen Türkiýä gaýdyp gelýänçä durýramyka? Deport edilen öz mal-mülki baradaky hakyny nähili gorap bilýär?

Mustafa Paksoý: Bu babatda adamyň başdan geçirýän ýagdaýy bilen baglanşykly mal-mülküniň, eýeçiliginiň goralmagy hakda dürli kanunlar bar. Türkiýede mal-mülk edinen bir gaçgak daşary ýurtlynyň mal-mülküniň elinden alynmagy kanun taýdan mümkin däldir. Eger şeýle ýagdaý dörese, onda kanunlar ilki bilen mal-mülkiň eýesiniň öz ýagdaýyny kanunlaşdyrmagyny talap edýär. Deport edilen, öz ýurdyna iberilen bir daşary ýurtlynyň Türkiýede edinen mal-mülküne eýeçilik hakyny kanun taýdan ýitirmegi mümkin däldir. Türkiýede kanunlar mal-mülki bolan daşary ýurtlularyň öz ýaşaýşyny hem kanuny ýagdaýa getirmegini talap edýär.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede gaçgak işläp ýyurtdan çykarylan, ýagny deport edilen bir türkmenistanly iň aňsat ýoldan nähili yzyna gaýdyp biler?

Mustafa Paksoý: Daşary ýurtlularyň Türkiýede ýaşaýşy we syýahaty atly 5286 sanly täze kanuna görä, 1 ýyl wizasyz gaçgak gezen 1 ýyl soňra, 3 we 5 ýyl möhlet bilen gaçgak gezenler 5 ýyl soňra, 5 ýyldan köp wagtlap wizasyz gaçgak gezenler bolsa 7 ýyldan soňra täzeden Türkiýä gaýdyp gelip bilýär.

Azatlyk Radiosy: Bäş-alty ýyldan bäri Türkiýede gaçgak ýagdaýda işläp ýören bir türkmenistanly zähmet migranty kanunyň özüne berýän bir gezeklik günägeçişliginden peýdalanmaklyk üçin näme etmeli?

Mustafa Paksoý: Türkiýede gaçgak ýagdaýdaky türkmenistanly bir zähmet migranty täze kanundan peýdalanmak islän halatynda, Türkiýäniň Içeri işler ministrligine ýazylan arza bilen, öz bolýan welaýatyndaky polis edarasynyň daşary ýurtlular bölümine ýüz tutmaly. Türkiýede gaçgak işlän mahaly kanuny bozmadyk zähmet migrantlary arkaýyn, täze kanundan gorkman peýdalanyp bilerler.
XS
SM
MD
LG