Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa: ABŞ-nyň uly diplomaty Türkmenistana sapar edýär


ABŞ-nyň uly diplomaty Merkezi Aziýanyň Gyrgyzystan we Türkmenistan döwletlerine sapar edýär.

Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk uly derejeli hökümet resmileri bilen gepleşmek üçin sişenbe güni türkmen paýtagty Aşgabada barýar.

Sapar mahalynda giň gerimli meseleler, şol sanda regional howpsuzlyk, Türkmenisanda halkara inwestisiýasy we adam hukuklary barada gürrüň edilmegine garaşylýar.

Şeýle-de Bleýkiň adam hukuklary babatda tankyt edilýän Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Bleýk çarşenbe güni Gyrgyzystana barar.
XS
SM
MD
LG