Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaý dawaly adalarda barlag geçirmekçi bolýar


Hytaý dawaly adalar toparynda barlag geçirmekçi bolýar.

Bu adalar toparyny Hytaý hem, Ýaponiýa hem öz territoriýasy hasaplaýar.

Hytaýyň Milli geodeziýa, kartografiýa we geomaglumat adminstrasiýasy sişenbe güni metbugat ýygnagyny geçirip, ýurduň territorial adalarynyň ählisini karta geçirmek isleýändigini mälim etdi.

Kartalaşdyrmagyň ikinji tapgyrynda Hytaý tarapyndan Daýaoýu, Ýaponiýa tarapyndan Şenkaku atlandyrylýan adalar kartalaşdyrylar.

Tokionyň sentýabr aýynda bu adalary özleriniň ýaponiýaly hususy eýelerinden satyn almak kararyna gelmegi Hytaýda protest aksiýalaryna we ýapon bizneslerine hüjüm edilmegine getirdi.
XS
SM
MD
LG