Sepleriň elýeterliligi

Müsürde bolan otly heläkçiliginde 19 adam öldi


Kairiň günortasynda bir ýolagçy otlusynyň iki wagonynyň relsden agmagy netijesinde on dokuz adam ölüp, ýüzden gowrak adam ýaralandy.

Resmi MENA habar gullugynyň ýazmagyna görä, otly duşenbe güni agşam ýoldan çykanda goşuna täze alnan esgerleri alyp gelýän eken. Bu hadysa nämäniň sebäp bolandygy barada bir sözem aýdylmaýar.

Prezident Mohammad Morsi şu aý “Musulman doganlygy” toparynyň agzalaryndan täze transport ministrini belläpdi. Bu wezipe noýabr aýynda bolan we 49 çagany öldüren otly heläkçiliginden bäri boş durdy.
XS
SM
MD
LG