Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Klinton şu aý Bengazi hüjümi boýunça görkezme berer


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton 23-nji ýanwarda geçen ýylyň 11-nji sentbýarynda ABŞ-nyň Liwiýadaky missiýasyna edilen ganly hüjüm barada kongres komitetiniň öňünde görkezme berer.

Wekiller öýüniň daşary işler komitetiniň agzalary Klintona Bengazide amerikan ilçisi Kris Stiwensiň we beýleki üç amerikalynyň öldürilmegine sebäp bolan hüjüm barada sorag bererler.

Klinton bu görkezmäni geçen aý bermelidi, ýöne onuň saglyk ýagdaýy muňa mümkinçilik bermedi.

Klinton işden çekilmegi planlaşdyrýar we prezident Barak Obama onuň ýerine senator Jon Kerrini hödürleýär.
XS
SM
MD
LG