Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda repressiýa edilen raýatlary goraýan komitet döredilýär


Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda repressiýa edilen raýatlary goraýan komitet döredilýär.

“Biziň dogan-garyndaşlarymyzy we ýakynlarymyzy türmede saklaýarlar, özümizi repressiýa sezewar edýärler” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşirinde çap edilen beýanatda aýdylýar.

Döredilýändigi aýdylýan komitetiň Inisiatiwa toparynyň adyndan çap edilen hatda “biz köp ýyllap öz Watanymyzda adalatyň dabaralanmagyna umyt bagladyk, ýöne ol umyt hasyl bolmady” diýilýär.

Şeýle-de bu topar özleriniň aýry-aýrylykda türmelerde ejir çekýän garyndaşlarynyň ykballaryny ýeňletmek barada häkimiýetlere ençeme gezek ýüz tutandyklaryny, emma öz arzalaryna seredilmeýändigini aýdýar.

Inisiatiwa topary indiden eýläk halkara jemgyýetçiligine ýüzlenmek, parahatçylykly protest aksiýalaryny geçirmek kararyna gelendiklerini, şeýle edilende bikanun türmä basylan hasaplaýan adamlarynyň hukuklaryny gorap biljekdiklerini ýazýar.
XS
SM
MD
LG