Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olland Malidäki hüjüme 750 fransuz esgeriniň gatnaşýandygyny aýdýar


Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Malide yslamçy gozgalaňçylara garşy hüjüme 750 fransuz esgeriniň gatnaşýandygyny aýdýar.

Holland bu barada sişenbe güni, Abu Dabidäki fransuz harby bazasyna sapara baran wagtynda aýtdy. Ol fransuz esgerleriniň sanynyň wagtlaýyn artjagyny, ýöne olaryň mümkin boldugyça çalt afrikan goşunlaryna orun berjegini aýtdy.

Emma Olland afrikan goşunlarynyň bu ýere getirilmegi üçin azyndan bir hepde gerek boljagyny hem sözüne goşdy.

Olland žurnalistlere öten agşam yslamçy nyşanalara garşy edilen howa hüjümleriniň “öz maksadyna ýetendigini” aýtdy.

Fransuz goşunlary anna gününden bäri Maliniň hökümet goşunlarynyň 2012-nji ýylyň aprelinden bäri ýurduň demirgazygyna kontrolluk edýän yslamçy toparlara garşy edýän hüjümine goldaw berýär.
XS
SM
MD
LG