Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Protestleriň aňyrsynda näme bar?


Sünnüleriň hökümete garşy protest aksiýasy, Yragyň Samarra şäheri, 11-nji ýanwar, 2013.

Sünnüleriň hökümete garşy protest aksiýasy, Yragyň Samarra şäheri, 11-nji ýanwar, 2013.

Sünnüleriň Yragy gurşap alan protestleri togtarly görnenok.

Ilatynyň aglaba köplügi sünnülerden durýan welaýatlarda indi üç hepde bäri on müňlerçe adam köçelere çykyp, şaýy premýer-ministr Nuri al-Malikiniň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy şygarlary göterip, ýöriş geçirýärler.

Mosulda, duýduryş üçin, polisiýa protestçileriň üstaşyr howa ok atdy. Anbar welaýatynda hem protestçiler Yragy Iordaniýa birikdirýän esasy ýoly ençeme günläp baglansoňlar, Bagdat bu ýurda girilýän serhet geçelgesini howpsuzlyk çäreleri sebäpli ýapmaly boldy.

Amerikan esgerleri bir ýyl ozal ýurtdan çekileli bäri turan bu iň uly sünni protestleri premýer-ministr Malikini kyn ýagdaýda goýýar.

Protestleriň maksady

Protestleriň turmagyna sebäp bolan öten dekabrda tanymal sünni syýasatçy, maliýe ministri Rafaie al-Esawiniň şahsy goragçylarynyň polisiýa tarapyndan terrorizmde aýyplanyp, tutulmagy boldy. Sünnüler bu adamlaryň tutulmagyna dini azlyklara degişli ilata edilýän zulum-sütemiň bir bölegi diýip garap, agzalan 10 janpenanyň boşadylmagyny talap etdiler.

Aradan salym geçmänkä bu talap Yragyň terrorizm baradaky kanunynyň ýatyrylmagyny-da öz içine aldy. Sünnüler bu kanunyň birsyhly öz garşylaryna ulanylýandygyny aýdýarlar.

"Adamlaryň demonstrasiýa geçirip, terrorizm baradaky bu adalatsyz kanunyň belli bir mezhebiň garşysyna ulanylmagyna garşy protest bildirmekden başga ýol ýok" diýip, Anbar welaýatyndan bir protestçi aýtdy.

Yragyň "Aldustoor" gazetiniň redakory Basam al-Şaýhyň pikiriçe, protestler sünnüleriň özlerine şindi-de ikinji derejeli adamlar diýip garalmagy baradaky gaharyndan gelip çykýar. Bu gahar hem hökümetde ornaşan sünni syýasatçylarynyň hem-de, umuman, hökümetiň garşysyna gönükdirilýär.

"Bu protestler syýsatçylaryň aýagynyň aşagyndaky halylary sogrup alýar. Sebäbi adamlar syýasatçylary halkyň sosial we ykdysady talaplaryna jogap berip bilmeýänlikde aýyplaýarlar. Protestçiler özleriniň halkyň hakyky isleg-arzuwlaryny beýan edýändiklerini aýdýarlar. Diýmek, olarda ýurduň syýasy kartasyny täzeden düzerlik potensial bar" diýip, Şaýh öz pikirini beýan edýär.

Ýagdaýyň çözgüdi

Malikiniň häzir ýüzbe-ýüz bolýan gyssagly meselesi – bu krizise, ol şaýylar bilen sünnüleriň arasyndaky bölünişigi artdyrmazyndan öň, bir çözgüt tapmak.

Londonyň "The Royal United Services" institutynyň analizçisi Şahşenk Joşiniň pikiriçe, sünnüleriň protestleriniň şu wagta çenli parahatçylykly geçmegi Yragyň syýasy ewolýusiýasynyň bir alamaty bolmagy mümkin.

"2011-nji ýylyň aýagynda amerikan esgerleri çekileli bäri aradan geçen bir ýyl Yrak we yraklylar üçin gaty kynçylykly ýyl boldy. Gazaply herketler, janyndan geçen hüjümçileriň bomba partlatmagy, şaýylar bilen sünnüleriň arasyndaky gan döküşikli çaknyşyklar boldy. Şol sebäpden bir protest hereketiniň konstitusion metodlary ulanmagy, parahatçylykly protest, onuň ekstremistler tarapyndan eýelenmänligi ýa ekstremistler tarapyndan hüjüme uçramanlygy örän oňaýly zat" diýip Joşi nygtaýar.

Ýöne, Joşiniň pikiriçe, Maliki bir ýol tapyp, hökümetdäki sünnülerde hakyky ýaranlyk duýgusyny oýarmasa, köçe protestleriniň zorlukly hereketlere ýazmagy mümkin.

Malikiniň bolsa bu krizisi nähili çözjekdigi barada entek görkezen anyk plany ýok.

Ol 9-njy ýanwarda Bagdatda eden çykyşynda kabinetiň protesçileriň käbir talaplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir komissiýa döredendigini aýtdy.

Ýöne ol şol bir wagtyň özünde-de protestçileri garym-gatymlyk döredýänlikde aýyplady. Ýagdaý näbelli wagta çenli dowam etse, protestleri duruzmak üçin howpsuzlyk güýçleriniň ara goşulmagynyň ähtimaldygyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG