Sepleriň elýeterliligi

Migrasiýa Lebabyň sosial keşbini özgerdýär


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazary

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazary

Türkiýede işläp gaýdan türkmenistanlylar öz ýurduna gaýdyp baransoň dürli kynçylyklara duçar bolýandyklaryny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň käbir ýaşaýjylarynyň ykbaly bilen gyzyklandy.

Jemile, bäş ýyl daşary ýurtlarda ýaşansoň, ýakyn günlerde öýüne dolandy. Dolanan badyna hem ol özüniň daşky görnüşi, elindäki kompýuteri, sary saçy bilen oba ýaşaýjylarynyň ünsüni özüne çekip başlady.

Ol mundan bäş ýyl ozal, Türkiýä işlemäge gitmänkä, obanyň beýleki gyzlary ýaly uzyn köýnekli, sada ýaşlardan biridi. Jemile öňler öýünden daşary çykanynda, kämahal kellesine ýaglyk hem daňynýardy.

Bu hili özgerişlik diňe Jemilä mahsus ýagdaý däl. Birnäçe ýyllap daşary ýurtlarda, esasanam, Türkiýede işläp gelen adamlaryň köpüsinde dürli özgerişlikleri görse bolýar.

Käbirleriniň daşary ýurtlarda geçiren günleri daşky görnüşine täsir ýetiren bolsa, käbirleri ol ýerde internete öwrenişip, yzyna gaýdyp gelýärler. Olaryň arasynda aň-düşünjesi giňän, syýasy aktiwligi güýçlenen adamlara hem duş gelse bolýar.

Bähram

Muňa Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň ýaşaýjysy Bähram hem mysal bolup biler. Ol dört ýarym ýyllap Türkiýede işläp, geçen ýyl öýüne dolandy. Ol indi Türkmenistanda duş bolýan ululy-kiçili adalatsyzlyklara biparh garap bilenok.

“Ýurdumyz tebigy resurslara örän baý we şol bir wagtyň özünde-de bäş million ilat baý ýaşanok. Uly wezipeleri eýeläp oturan çinownikler korrumpirlenen” diýip, Türkiýede dört ýarym ýyl işläp gelen lebaply Bähram aýdýar.

Türkmenistanda, esasanam, Lebap welaýatynda öz pikirini Bähram ýaly aç-açan beýän edýän adamlaryň sany gaty az. Ol diňe öz pikir-garaýşyny aç-açan beýän etmek bilen çäklenmän, halky nägile edýän meseleler boýunça häkimliklere şikaýat bilen ýüzlenmekde hem tanalýar.

Şeýle ýagdaýlara, iş sorap, häkimleriň kabinetlerine gös-göni girýänleri, migrasiýa edaralarynyň öňündäki uzyn nobatlardan närazylyk bildirýänleri, dowam edýän ýagdaýyň garşysyna wagtal-wagtal protestleriň ýüze çykýanlygyny görüp hem göz ýetirse bolýar.

Läle

Ogluna iş sorap, häkimiň kabinetine göni giren şeýle adamlardan biri hem iki ýyl Türkiýede bolup gelen 40 ýaşlaryndaky Läle.

“Men pul töläp, oglumy hünärment mekdeplerinde okatdym, onuň elektrik togy ugrundan başy çykýar, ýöne ol etrabyň çäginde iş tapyp bilenok. Häkimligem bolýar, bolýar diýýär, ýöne yzy boş” diýip, Läle gürrüň berýär.

Läläniň irginsiz tagallalary netijesinde, onuň ogly wagtlaýyn iş tapdy, emma ol ýagdaýyndan razy bolman, Orsýete gitdi. Ejesiniň aýtmagyna görä, ol şol ýerde ýokary okuw jaýyna giripdir.

Şeýle batyrgaý hereketlere migrasiýa edaralarynyň öňünde uzyn nobatlarda duran adamlaryň arasynda “beýlede bir garaşdyrmak bolarmy, başlygyňy çagyr” diýen ýaly sesleriň eşidilmeginden hem göz ýetirse bolýar.

Jemile

Emma Serdarabat etrabynyň Täze durmuş obasynyň ýaşaýjysy Jemiläniň ýagdaýyna gaýdyp gelsek, migrasiýa onuň durmuşyna başgaçarak täsir ýetiripdir. Ol iň täze çykan kompýuteri, döwrebap eşikleri bilen halkyň ünsüni özüne çekýär.

Jemiläniň aýtmagyna görä, onuň şeýle tehnologiýa bilen gyzyklanmagy Türkiýede bäş ýyl işlän döwri bilen baglanyşykly. 27 ýaşly Jemile bu hakda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Meniň işim 7-nji klasa gatnaýan gyzy we onuň 5-nji klasa gatnaýan oglan jigisini naharlap, mekdebe ýollamakdan we içeriniň arassaçylygyna seretmekden ybaratdy. Olaryň kompýuter ulanyşyny görüp, men hem internet, kompýuter bilen gyzyklanyp başladym”..

Türkiýeden tapawutlylykda Jemile Lebapdaky internetiň ýagdaýyndan razy däl. Emma, muňa garamazdan, ulanmagy endik edinen kompýuteri welin, mydama onuň elinde.

Şeýle-de, obadaşlarynyň ünsüni çekýändigine garamazdan, Jemile saçyny sary reňke boýamagyny-da dowam etdirýär. Ol türkmen aýal-gyzlarynyň milli uzyn köýnegine-de häzirlikçe gaýtadan öwrenişip bilmändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG