Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ösüş sanlary nämäni aňladýar?


Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş instituty, Aşgabat, 5-nji iýun, 2012.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş instituty, Aşgabat, 5-nji iýun, 2012.

Türkmenistanyň umumy içerki önümçiliginiň derejesiniň 111% ösýändigi yglan edildi. Bu barada prezident G.Berdimuhamedow Mejlisiň agzalary bilen 14-nji ýanwarda geçiren maslahatynda aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlarynyň, şol sanda maýa goýumlaryň, senagatyň, daşary söwda dolanyşygynyň ýokary depginde ösýändigini hem aýtdy. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan 2013-nji ýylda-da umumy içerki önümçiligininiň ösüşini ýokary derejede saklamagy maksat edinýär.

Eýse, yglan edilen soňky resmi görkezijiler nämäni aňladýar?

Azatlyk Radiosy Orsýetiň “RosBiznesKonsalting” agentliginiň analitika departamentiniň müdiri Aleksandr Ýakowlew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan geçen ýylda umumy içerki önümçilik derejesiniň 111% bolandygyny yglan etdi. Bu san ykdysady nukdaýnazardan nämäni aňladýar?

Aleksandr Ýakowlew: Birinjiden, 111% örän uly san. Biz dünýä derejesinde ösýän döwletleriň arasyndaky ösüşiň 3-5% aralygynda bolýandygyny bilýaris. Meselem, gaty tiz ösýän ykdysadyýetli Hytaý ýylda 7-8% ösüşi görkezýär. Ikinjiden, Türkmenistanyň yglan edýän uly sanlarynyň hasaplaýyş usullary kesgitsiz görünýär. Ýurduň statistika edaralarynyň şol sanlary nähili hasaplaýyş usullary esasynda çykarýandygyny bilmän, yglan edilýän resmi sanlaryň hakykata näderejede gabat gelýändigini bilmek kyn.

Azatlyk Radiosy: Ykdysady ösüşiň derejesi, şol sanda umumy içerki önümçiligiň derejesi dünýäniň beýleki ýurtlarynda nädip hasaplanýar?

Aleksandr Ýakowlew: Munuň üçin belli bir derejede çylşyrymly we uly göwrümli metodikalar ulanylýar, halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky özgerişlikler hasaba alynýar we birleşdirilýär. Emma bu maglumatlary toplamagyň öz aýratynlyklary bolmagy mümkin. Ýöne şonda-da 111% diýen san gaty uly.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, häzirki döwürde haýsy pudaklar güýçli depginde ösýär.

Aleksandr Ýakowlew: Häzirki global ykdysady şertlerde haýsy pudagyň şeýle tiz ösüp bilýändigini göz öňüne getirmek kyn. Türkmenistanda hasaplaýyş üçin ilkibaşdan gaty pes ösüş görkezijileriniň esas hökmünde ulanylýandygyny çak etmek mümkin. Ýagny, uzak wagtlap ösmän duran ykdysadyýet birden ösüp başlanda, ol, adatça, uly ösüşi görkezýär. Emma şeýle ýagdaý häzirki wagtda bar bolan makroykdysady modellere degişli däl. Şonuň üçin Türkmenistanyň ykdysady ösüşine degişli jikme-jik maglumatlary we ýurduň hasaplaýyş usullaryny içgin öwrenmän, yglan edilýän resmi sanlaryň nämäni aňladýandygyny aýtmak kyn. Ýöne, nähili-de bolsa, soňky ýyllarda şeýle ösüş dünýäniň hiç bir ýurdunda bolmandy.

Azatlyk Radiosy: Ýurtlaryň ykdysady ösüşini kesgitlemek üçin dünýäde umumy hasaplaýyş sistema barmy?

Aleksandr Ýakowlew: Umumy sistema yok. Her bir ýurtda milli statistika edaralarynyň çykarýan sanlary döwletiň ykdysady gurluşyna, kredit we maliýe sistemasynyň aýratynlyklaryna, Merkezi bankyň işleýşine, statistiki maglumatlary ýygnamak işine jogapkär ministrlikleriň we edaralaryň işleýşine bagly bolýar. Statistika hem çylşyrymly, hem mekir zat.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ykdysady osüşine degişli yglan edilýän resmi sanlaryň iş ýüzünde nähili takyk alamatlary bolmaly?

Aleksandr Ýakowlew: Umumy içerki önümçiligiň şeýle uly derejä ýetmegi üçin maýa goýumlaryň derejesi-de ägirt uly bolmaly. Aýdaly, gurluşyga has köp puluň sarp edilmegi üçin girdejileriň mukdary artmaly, şeýle-de gaz önümçiliginden gelýän girdejileriň köpelmegi üçin gazyň önümçilik derejesi we onuň eksportynyň möçberi artmaly. Ýagny, umumy önümçiligiň ösüşi infrastruktura taýdan batly ösüş bilen bile bolýar. Muny Hytaýyň mysalynda görmek mümkin. Şeýlelikde umumy içerki önümçiligiň derejesi ösen ýagdaýynda, birinjiden, ýurtda infrastruktura taýdan öňe tarap batly ösüş bolmaly, ikinjiden bu inflýasiýa getirmeli, uçünjiden bolsa, ilatyň girdejileri tiz köpelmeli. Türkmenistan ýaly uly bolmadyk we ýapyk ýurtda ykdysady ösüş ilatyň girdejileriniň ösmegine getirmeli.

XS
SM
MD
LG