Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Amerikan diplomaty Türkmenistanda gowy maslahat edendigini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk sişenbe güni Aşgabatda prezident G. Berdimuhamedow, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow bilen duşuşdy.

Bu duşuşyklarda regional howpsulyk meselelerinden başlap, adam hukuklaryna çenli giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar.

Robert Bleýk bu duşuşyklarda iki ýurduň arasynda 2009-njy ýyldan bäri dowam edýän ikitarlaýyn konsultasiýalar synynyň çäginde pikir alşandyklaryny aýtdy.

“Şu gün biz howpsuzlyk, Owganystanda bolup geçýän ykdysady we syýasy özgerişler, şeýle-de onuň Türkmenistana we Merkezi Aziýa täsiri barada gowy maslahat etdik” diýip, Bleýk metbugat üçin beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de ol Owganystana berýän goldawy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi proekti ýaly taslamalaryň üsti bilen has giň regional integrasiýany ýola goýmak ugrunda edýän tagallalary üçin Türkmenistana Birleşen Ştatlaryň minnetdarlygyny bildirendigini sözüne goşdy.

Robert Bleýk Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, adam hukuklary meseleleri barada hem gowy maslahat edendikleriini habar berdi.
XS
SM
MD
LG