Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko Türkmenistandan ulanylan uçary satyn aldy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko pul tygşytlamak üçin, köne jaýda ýaşaýandygyny we Türkmenistandan ulanylan uçary satyn alandygyny aýtdy.

Lukaşenko bu barada sişenbe güni geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Lukaşenko 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolup, ol belaruslylar oňa ses bermegini dowam etdirýänçä, prezident wezipesinde galjakdygyny hem belledi.

Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Lukaşenkonyň oppozisiýa edýän basyşlary sebäpli onuň režimine garşy sanksiýalary girizipdiler.
XS
SM
MD
LG