Sepleriň elýeterliligi

Tähran kosmosa başga bir maýmyny ugratmagy planlaşdyrýar


Eýran kosmosa maýmyny ugratmagy planlaşdyrýar. Bu barada Eýranyň resmileri habar berýär.

Eýranyň Komos guramasynyň ýolbaşçysy Hamid Fazeliniň maglumatyna görä, maýmyn 31-nji ýanwardan soňky on günüň içinde uçurylar. Bu çäre Eýranyň 1979-njy ýyldaky “Yslam rewolýusiýasynyň” 34 ýyllygyna gabat gelýär.

Eýran mundan ozal hem kiçi haýwanlary kosmosa ugradypdy. Olaryň arasynda alaka we pyşbaga dagy bardy. Ýöne Eýranyň 2011-nji ýylda maýmyny ugratmak synanyşygy şowsuzlyk bilen gutarypdy. Şol wagt resmiler hiç hili düşündiriş bermändi.

Fazeliniň aýtmagyna görä, kosmosa maýmynyň ugradylmagy, Tähranyň “kosmosa adam ugratmak” diýilýän proýektiniň taýýarlyk işlerine hemaýat berer.

Günbatar Eýranyň ýadro ýaragyny daşamaga ukyply raketalary özleşdirmeginden howatyr edip, onuň kosmos programmasyndan aladalanýar.

Tähran özüniň programmalarynyň parahatçylykly maksatlara eýedigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG