Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Irlandiýanyň gamburgerlerde atyň eti ýüze çykaryldy


Irlandiýanyň supermarketlerinde, şol sanda belli “Tesco” söwda merkezinde-de atyň etinden ýasalan gamburger önümleriniň satylýandygy ýüze çykaryldy.

Irlandiýanyň azyk önümleriniň howpsuzlygyna gözegçilik edýänler gamburgerde ulanylan adaty bolmadyk haýwan DNK-synyň hiç hili howp abandyrmaýandygyny, ýöne “belli bir derejede alada döredýändigini” aýtdylar.

Britaniýanyň “Tesco” kompaniýasy gamburgerleriň önümçiliginde ulanylan atyň eti üçin ötünç sorap, Irlandiýanyň hem-de Britaniýanyň söwda merkezlerinden “Tesco” gamburgerlerini satuwdan aýyrýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG