Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda aýallara degişli täze çäklendirmelere garalýar


Eýranyň aýallar üçin Alzahra uniwersitetiniň studentleri, Tähran.
Eýranyň aýallar üçin Alzahra uniwersitetiniň studentleri, Tähran.

Eýranyň parlamentinde garalýan täze kanun daşary ýurtlara syýahat etmegi planlaşdyrýan zenanlaryň elinden pasportlaryny almak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu çäre daşary ýurtlara gitmek isleýän zenanyň adamsy, kakasy, atasy ýa erkek dogany onuň ýurduň daşyna gtimegine garşy bolan ýagdaýynda ulanylyp bilner.

Eýran parlamentiniň Milli howpsuzlyk komiteti onsuzam çäklendirilen hukukly eýran zenanlarynyň hereket azatlygyny çeklendirýän kanuna garaýar. Ýurduň häzirki kanunlaryna görä, 18 ýaşyna ýetmedik islendik eýranly daşary ýurtlara syýahat etmäge mümkinçilik berýän pasportyny almak üçin ilki öz atasynyň razylygyny almaly.

18 ýaşyna ýeten aýal maşgalalar bolsa pasport almak üçin atasynyň ýazmaça razylygyny görkezmeli. Durmuşa çykan zenan pasport almak üçin ilki adamsynyň razylygyny almaly.

Konserwatorlaryň köpçüligindäki 290 orunlyk parlament häzirki wagtda pasport boýunça täze kanuna garaýar. Kanun, eýranly zenanyň öz adamsynyň islegine laýyklykda, pasportynyň elinden alynmagyny göz öňünde tutýar.

ABŞ-da ýaşaýan meşhur eýranly aklawçy Mehrangiz Karyň pikirine görä, täze kanun Eýranda aýallaryň hukuklaryny depelemek boýunça nobatdaky ädimdir.

Mehrangiz Karyň sözlerine görä, häzirki düzgünlere laýyklykda, daşary ýurtlara gitmek isleýän zenanyň adamsy muňa garşy çyksa, ol zenan ýurtdan çykyp bilmeýär, emma onuň pasporty özünde galýar. Täze kanun şeýle ýagdaýda aýalyň pasportynyň elinden alynmagyny göz öňünde tutýar.

Habar berlişine görä, geçen ýylyň noýabr aýynda kanun çykaryjylar 40 ýaşyna ýetmedik aýallaryň pasport almagy üçin olaryň atasyndan ýa-da maşgalasynyň başga bir erkek agzasyndan rugsat almagyna degişli düzgüni girizmek boýunça ses beripdiler.

Kanun çykaryjylaryň şol karary aýallaryň hak-hukuklaryny goraýan aktiwistler tarapyndan berk tankyt edilipdi.

Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk boýunça komitetiniň wekili Hosseýn Naghawi Hosseýni indi düzgüniň üýtgändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, aýallaryň ýurduň daşyna gitmegi üçin rugsat gerek bolar, emma olaryň pasportly bolmagyna päsgel berilmez.

Hosseýniniň sözlerine görä, täze çäreler aýallary goramak üçin görülýär.
Aýallaryň hukuklaryny goraýan aktiwistler munuň bilen razylaşmaýarlar. Olar täze kanunyň çylşyrymly maddalarynyň eýranly zenanlaryň hukuklaryny depelemek üçin kabul edilýändigini aýdýarlar. Aktiwistler eýranly zenanlaryň erkeklere garanda hukuksyzdygyny, äri bilen aýrylyşanda, olaryň ýurudiki taýdan kemsidilýändigini belleýärler.

Soňky ýyllarda eýranly aýallar uly üstünliklere eýe boldular. Indi uniwersitetlere täze giren studentleriň 60%-den gowragy aýallardyr.

Aýallaryň hukuklaryny goraýjy meşhur aktiwist we žurnalist Asieh Amini eýranly zenanlaryň bilim, hünär we sosial taýdan gazanýan üstünlikleriniň olaryň daşky dünýä bilen has giň derejede gatnaşyk alyp barmagyny talap edýändigini belleýär. Amininiň pikirine görä, Eýranyň hökümeti täze kanun arkaly aýallaryň gazanýan üstünliklerini çäklendirmek isleýär.

Amini Eýranda aýallara garşy kararlaryň çykarylmagyny konserwatorlaryň aýallaryň roluny maşgala derejesinde çäklendirmek isleýändigi bilen baglanyşdyrýar we şeýle garaýyşlary goldaýan eýranlylaryň hem az däldigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG