Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda repressiýa uçranlary goraýan komitet döredilýär


Kompýuteriň öňündäki bir adam

Kompýuteriň öňündäki bir adam

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanda repressiýa uçran adamlary goraýan komitet döredilýär.

“Biziň dogan-garyndaşlarymyzy we ýakynlarymyzy türmede saklaýarlar, özümizi repressiýa sezewar edýärler” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşirinde çap edilen beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de bu topar özleriniň aýry-aýrylykda türmelerde ejir çekýän garyndaşlarynyň ykballaryny ýeňletmek barada häkimiýetlere ençeme gezek ýüz tutandyklaryny, emma öz arzalaryna seredilmeýändigini aýdýar.

Inisiatiwa topary indiden eýläk halkara jemgyýetçiligine ýüzlenmek, parahatçylykly protest aksiýalaryny geçirmek kararyna gelendiklerini, şeýle edilende bikanun türmä basylan hasaplanýan adamlaryň hukuklaryny gorap biljekdiklerini ýazýar.

Bu komitetiň işini başlangyç tapgyrlarda koordinirlemek “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatulline berlipdir. Tuhbatullin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde döredilýän bu komitet barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, ilki bilen bu döredilýän täze komitet barada gysgaça maglumat beräýseňiz?

Farid Tuhbatulin

Farid Tuhbatulin

Farid Tuhbatullin: Bu komitet entek doly döredilenok. Onuň düýbüni tutmak ugrundaky tagallalar heniz hem dowam edýär. Ençeme adamyň bu pikiri orta atyp, bular ýaly komitetiň esaslandyrylmagy ugrunda iş alyp barýandygy bizi diýseň begendirýär.

Şol adamlar bu meýilleri bilen bize öň hem ençeme gezek ýüz tutupdylar. Emma häzir biz olaryň bu ugurdaky işlerini, iň bolmanda guramaçylyk taýdan goldamak, şeýle-de adam hukuklaryny goramak ugrundaky öz alyp barýan işlerimiziň tejribesini olar bilen paýlaşmak kararyna geldik.

Biz güýjümiziň ýetdiginden bu komitetiň işine hemaýat bereris.

Azatlyk Radiosy: Komitetiň maksady näme?

Farid Tuhbatullin: Bu komitetiň, ýagny inisiatiwa toparynyň düzümine häzirlikçe birnäçe adam girýär. Bu adamlaryň ýakynlary eýýäm ençeme ýylyň dowamynda türkmen türmelerinde otyrlar.

Olar Türkmenistanda köp sanly edara, şol sanda prezidentiň ýanyndaky arz-şikaýatlar baradaky komissiýa hem, öz talaplary bilen ýüz tutupdyrlar. Emma häkimiýetler arz eden şol adamlaryň nalyşlaryna biparh çemeleşipdir.

Ýagny, adamlar häzire çenli hem türmelerde saklanylýar, olaryň işlerine gaýtadan seredilmeýär, suduň kararlary boýunça edilen şikaýatlar hem kabul edilmeýär. Adamlar şol bir ýoly gaýta-gaýta geçip durmakdan iripdirler. Ýagny, olaryň arz-şikýatlary bir edaradan başga bir edara ugradylyp duransoň, olar ýakynlarynyň we özleriniň hak-hukuklaryny goramak üçin şu komiteti esaslandyrmak kararyna gelipdirler.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmegi bilen, režimiň gowşajakdygyna edilen umytlar puja çykansoň, adamlaryň indi özleri hereket etmäge başladylar.

Azatlyk Radiosy: Komitet nädip iş alyp barmakçy bolýar?

Farid Tuhbatullin: Hawa, häzirki inisiatiwa toparynyň düzümine diňe ýakyn garyndaşlary türmede bolan adamlar girýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda köp adamyň hak-hukuklary kemsidilýär.

Köp adamlaryň jaýlary ýykylýar, kompensasiýalar tölenmeýär, ýaşlar belli-belli döwletlere bilim almaga goýberilmeýär. Garaz, bularyň ählisi nazara alnanda, eger-de komitet gowy işläp başlasa, onuň işi juda köp bolar.

Türkmenistanlylar özleriniň hak-hukuklaryny goramak islese-de, köp halatlarda munuň nähili edilmelidigini bilmeýärler. Häzirki wagtda türkmen hukuk goraýjy edaralaryň ählisi diýen ýaly ýurduň daşynda ýerleşýär.

Eger-de bu ugurda iş alyp barjak bir komitet Türkmenistanyň öz içinde döredilse, onda adaty raýatlaryň öz hak-hukuklaryny goramagyna juda peýdaly bolardy. Ýaňy hem aýdyşym ýaly, biz hem öz gezegimizde muňa goşandymyzy goşmaga taýýar.

Azatlyk Radiosy: Bu döredilýän komitet, ýagny inisatiwa topary bilen nädip habarlaşmaly?

Farid Tuhbatullin: Hawa, biz öz saýtymyzda habarlaşmak üçin maglumatlary ýerleşdirdik. Bize eýýäm ençeme adam öz şikaýatlary, teklipleri, pikirleri bilen ýüz tutdy. Bu dogrudan hem begendirýär.

Biziň saýtymyza girip bilmeýän türkmenistanlylar Turkmen.initiative@gmail.com e-mail adresine hat ugradyp bilerler. Ýa-da proksi sistemalary arkaly biziň saýtymyza girip, göni şol ýerde hem öz tekliplerini galdyryp bilerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG