Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda plastik saglyk kartlary berler


Aşgabatdaky keselhanalaryň biriniň içi

Aşgabatdaky keselhanalaryň biriniň içi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň lukmançylyk pudagynda elektron resminama dolanyşyk sistemasyny ornaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Indi her bir türkmenistanly mikroçipli plastik saglyk kartlaryny alyp biler. Plastik kartyň ýüzünde onuň eýesiniň ady we familiýasy ýazylan.

Aýratynlyklary

Bu plastik kartdaky mikroçipde kartyň eýesine degişli şahsy maglumatlar, onuň ganynyň topary, näsaglygynyň taryhy, lukmançylyk ýeňilliklerine bolan hukuklary hem-de beýleki lukmançylyk maglumatlary saklanar. Bu maglumatlar bütewi maglumatlar bankynda saklanyp, her bir lukman şol maglumatlardan peýdalanyp biler.

Häzirki wagtda paýtagtyň saglyk öýleriniň maşgala lukmanlarynyň öz uçastoklaryndaky ýaşaýjylaryň şahsy maglumatlaryny bu sistema girizýändiklerini Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň lukmany Arzygül aýdýar. Onuň sözlerine görä, elektron saglyk kartlary lukmanlaryň işini ýeňilleşdirer.

“Kagyz saglyk kartasyndan tapawutlylykda elektron kartlar arkaly näsag baradaky maglumatlary has çalt alyp bolýar. Şeýle-de näsaglar baradaky maglumatlaryň ýitmegi hem aradan aýrylar” diýip, Arzygül täzelik hakda gürrüň berýär.

Emma bu plany amala aşyrmak işi welin, lukmanlar üçin ýeňil düşmeýär.

Kynçylyklary

Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň adynyň tutulmagyny islemedik maşgala lukmanynyň aýtmagyna görä, ilkibaşda her bir maşgala lukmany öz uçastogyndaky ýaşaýjylaryň şahsy maglumatlaryny ýygnamak üçin öýme-öý aýlanmaly bolupdyrlar.

“Ýaşaýjylaryň maglumatlaryny ilkibaşda depdere ýazdym. Soň ol maglumatlary kompýuterde ýazdyryp, fleşka geçirtdim. Munuň üçin, 600 manat öz pulumy sarp etdim. Indi bolsa ol eden işim biderek boldy. Häzir ýaşaýjylaryň şahsyýetini anyklaýan resminamalarynyň kserokopiýasyny ýygnamaly etdiler. Şol kserokopiýadan maglumatlary ýörite anketa ýazmaly. Anketadan bolsa kompýutere” diýip, Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň adynyň efirde tutulmagyny islemedik lukmany Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmanlarynyň kabinetlerinde kompýuterleriň goýlandygyna garamazdan, olaryň köpüsi işledilenok. Onuň sebäbi saglyk öýüniň, esasanam, ýaşuly lukmanlarynyň kompýuter bilen nätanyş bolmagy.

Ýakynda saglyk öýlerinde bu sistemadan peýdalanmak boýunça ýörite okuw sapaklary geçirilipdir. Agzalýan saglyk öýüniň lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä, bu tagalladan hem o diýen netije bolmandyr.

Maglumat bazasy

Lukmançylyk elektron resminama dolanyşyk sistemasynyň maglumatlar bankynda diňe bir raýatlaryň şahsy, lukmançylyk maglumatlary ýerleşdirilmän eýsem onda saglygy goraýyş ulgamynyň ähli edaralary barada hem maglumatlar ýerleşdiriler.

Lukmançylyk elektron resminama dolanyşyk sistemasy doly taýýarlanylyp dolanyşyga girizilende, ondan döwlet saglygy goraýyş ulgamyndaky hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, dermanhanalaryň lukmançylyk düzümleriniň sanawy, olaryň ýöriteleşdirilişi ýaly dürli maglumatlary tapsa bolar.

Bu sistemany girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde lukmançylyk elektron resminamalaryň dolanyşygynyň bütewi sistemasynyň goraglylygyna hem uly üns berilýär.

Lukmançylyk elektron resminama dolanyşyk sistemasynyň girizilmegi näsaglaryň lukmanyň kabulhanasyndaky nobatlaryny gysgaldar. Şeýle-de, adamlaryň umumy saglyk ýagdaýy baradaky bütewi sistemadaky maglumatlardan peýdalanyp, lukmanlara ýurduň islendik ýerinde näsaglara tiz lukmançylyk kömegini bermäge ýardam eder.

Ýurduň saglygy goraýyş edaralarynda elektron resminama dolanyşyk sistemasyny girizmegi 1992-nji ýylda döredilen ýurduň INTEK hususy kompaniýasy amala aşyrýar. Bu sistemanyň haçan doly ulanyşyga giriziljekdigi entäk nämälim. Ýogsa, paýtagtyň saglygy saklaýyş edaralary bu sistema eýýäm 2011-nji ýylyň güýz aýlarynda geçmegi planlaşdyrýardylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG