Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kabulda Aňtaw gullugynyň baş edarasyna hüjüm edildi


Owganystanyň paýtagty Kabulda Milli Howpsuzlyk direktoratynyň binasyna janyndan geçen bombaçylar hüjüm etdiler.

Içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, çarşenbe güni bolan şol hüjüm janyndan geçen alty sany bombaçy tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Kabulyň polisiýa ýolbaşçysy Aýob Salanginiň aýtmagyna görä, hüjümçileriiň biri özündäki partladyjy serişdesini ýarypdyr, emma galanlary özlerini partlatmazdan ozal howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Saglygy saklaýyş ministrligiň maglumatlaryndan çen tutulsa, şol wakada 30 töweregi adam ýaralanypdyr.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabiullah Mujahid, amala aşyrylan bu hüjüme öz toparynyň jogapkärdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG