Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: Londonyň merkezinde dikuçar heläkçiligi boldy


Çarşenbe güni Londonyň merkezinde bolan dikuçar heläkçiliginde iki adam öldi. Bu barada ýurduň polisiýasy habar berýär.

Dikuçar binanyň depesindäki gurluşyk kranyna baryp urupdyr. Waka Temza derýasynyň golaýyndaky Wauksal otly duralgasynyň golaýynda boldy.

Britaniýanyň polisiýasy wakanyň terrorizm bilen ilteşdiriljek tarapynyň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG