Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Prezident parlamentiň wezipelerini kesgitledi


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ýurduň Mejlisinde çykyş edip, Mejlisiň öňünde duran käbir möhüm wezipeleri kesgitledi.
Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ýurduň Mejlisinde çykyş edip, Mejlisiň öňünde duran käbir möhüm wezipeleri kesgitledi.
Şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow ýurduň Mejlisinde çykyş edip, Mejlisiň öňünde duran käbir möhüm wezipeleri kesgitledi.

Şolaryň hatarynda ol Türkmenistanyň Bilim baradaky täze kanunyny, şeýle hem Ýaşaýyş jaý Kodeksi we Graždan Kodeksi ýaly kodeksleri we kanunlary işläp düzmek işini çaltlaşdyrmalydygy barada-da gürrüň etdi.

Eýsem, prezidentiň ýurduň kanun çykaryjy organy bolan Mejlisiň wezipelerini kesgitläp, tabşyryklar we görkezmeler bermegi ýurduň konstitusiýasyna näderejede laýyk gelýär? Şu günki gün Türkmenistanyň Mejlisi öz kanuny borçlaryny näderejede talabalaýyk amala aşyrýar?

Azatlyk Radiosy şu meseleler barada kanunçylyk ugrundan bilermen, žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Şu söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG