Sepleriň elýeterliligi

Alžiriň goşuny zamun alyjylaryň daşyny gabady


Amenas gaz ýatagy Alžiriň Liwiýa bilen serhetine golaý ýerde Saharada ýerleşýär.

Amenas gaz ýatagy Alžiriň Liwiýa bilen serhetine golaý ýerde Saharada ýerleşýär.

Alžiriň armiýasy onlarça daşary ýurtlyny zamun alan yslamçylaryň elindäki gaz zawodyny gabawda saklaýar.

Söweşijiler Sahara çölünde, ýurduň Liwiýa bilen serhedine golaý ýerde ýerleşýän zawodda 41 adamy zamun saklaýandyklaryny aýtdylar. Olar Fransiýanyň Malidäki ýagdaýa goşulyşmazlygyny talap edýärler.
Alžiriň hökümeti gepleşiklerden ýüz öwürdi. ABŞ we beýleki günbatar ýurtlary Alžirde öndürilýän gazyň 10%-tini gaýtadan işleýän zawoda edilen terrorçylykly hüjümi ýazgardylar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland şeýle diýdi: “Alžiriň Amenas gaz ýatagyna we “Britiş Petroleum” şirketiniň işgärlerine edilen terrorçylykly hüjümi biz berk ýazgarýarys. Biz ýagdaýa üns bilen syn edýäris. Biz Alžiriň häkimiýetleri, Alžirdäki öz diplomatlarymyz we “Britiş Petroleumyň” Londondaky edarasy bilen aragatnaşyk saklaýarys” diýip, Ak Tamyň resmisi Wiktoriýa Nuland aýtdy.
Ol Alžirde zamun alnanlaryň arasynda amerikan raýatlarynyň bardygyny hem tassyklady.

Zamunlaryň arasynda Beýik Britaniýanyň we Norwegiýanyň raýatlarynyň hem bardygy habar berilýär.

Alžiriň Amenas gaz ýatagy Norwegiýanyň “Statoýl” energetik kompaniýasy we Alžiriň “Sonatrak” döwlet kompaniýasy tarapyndan bilelikde dolandyrylýar.

ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Rimde eden çykyşynda Alžirdäki hüjüm bilen baglylykda Birleşen Ştatlaryň ähli zerur çäreleri amala aşyrjagyny aýtdy.

Söweşijiler özleriniň onlarça adamdan ybaratdygyny habar berdiler. Olar çarşenbe güni agşam Alžiriň güýçleri tarapyndan edilen hüjümlere özleriniň garşy durmagy başarandyklaryny aýtdylar.

Alžiriň hökümeti bu maglumaty kommentirlemedi.

Alžiriň ýokary derejeli howpsuzlyk ofiseri içeri işler ministri Daho Ould Kabila “Howpsuzlyk güýçleriniň zawody gabawa alyp, terrorçylary bir burça, ýagny zawodyň ýaşaýyş bölekleriniň birinde gabamagy başarandygyny” aýtdy.

Alžiriň resmisi çarşenbe güni irden bolan bu hüjümde bir britaniýalynyň we ýene bir alžirliniň öldürilendigini, ýaralanan alty adamyň arasynda bir norwegiýalynyň we iki britaniýalynyň bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG