Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Sokh raýony bilen aralykdaky serhetlerini berkidýär


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Özbegistanyň Sokh raýony bilen serhetleşýän öz territoriýasyna tikenli gorag simlerini çekip başladylar.

Şu ýanwar aýynyň başynda Özbegistanyň şu serhetýaka raýonyndan Gyrgyzystanyň serhet postuna elektrik liniýasyny geçirmek üçin edilen synanyşykda özbek obasynyň ýaşaýjylary bilen Gyrgyzystanyň raýatlarynyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykypdy.

Şol wakada azyndan 30 töweregi gyrgyz raýaty bu obada zamun alnyp, gabawda saklandy we birneme soňra erkinlige goýberildi. Şol wakadan soň Sokh raýonyndaky serhet geçelgeleriniň hemmesi wagtlaýynça ýapylypdy.

Gyrgyzystanyň Batken oblast administrasiýasynyň resmisi Abdinazar Ergeşow anyk serhet haýatlary bolmadyk bu raýonda häzirlikçe azyndan 10 kilometr aralyga tikenli simleriň çekiljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG