Sepleriň elýeterliligi

Yrakda amala aşyrylan partlamalarda azyndan 12 adam öldi


Penşenbe güni Yrakda amala aşyrylan partlamalarda azyndan 12 adam öldi. Bu wakalardan birinde Yragyň demirgazygyndaky Dujaýl şäherinde içine bomba ýerleşdirilen iki sany ýeňil maşyn partladyldy. Bu iki partlamada azyndan ýedi adam öldi.

Yragyň günortasyndaky Hilla şäherinde amala aşyrylan şuňa meňzeş başga bir partlamada bolsa, azyndan bäş adam öldi.

Ýurduň medisina resmileri bu wakalarda azyndan 60 töweregi adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Bu wakalardan edil bir gün öň, çarşenbe güni Yragyň birnäçe regionynda amala aşyrylan dürli partlamalarda 23 adam ölüpdi. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG