Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň territoriýasynda ýene birnäçe internet saýty petiklendi


Penşenbe güni Täjigistanyň territoriýasynda “Facebook” sosial saýty we Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň internet saýty ýene gaýtadan petiklendi.

Täjigistanyň internet prowaýderler birleşiginiň başlygy Asomuddin Atoýew penşenbe güni ýurduň Aragatnaşyk gullugyndan bu prowaýderleriň belli-belli saýtlary petiklemelidikleri barada ýörite görkezme gelip gowşandygyny aýtdy.

Emma bu hökümet gullugynyň başlygy Beg Zuhurow öz gullugynyň internet prowaýderlerden hiç birine bular ýaly görkezme bermändigini öňe sürdi. Ol internet saýtlarynyň petiklenmeginiň tehniki näsazlyklar bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Şu geçen ýylyň martynda we noýabrynda hem Täjigistanyň häkimiýetleri “Facebook” sosial saýtyny we ýene birnäçe internet saýtyny wagtlaýynça petikläpdiler.
XS
SM
MD
LG