Sepleriň elýeterliligi

'Ahalyň gözýaşy' bazary


Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew obasy

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew obasy

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew, köne ady bilen aýdylanda Kommunizm kolhozy, ýönekeý oba däl. Bu obanyň köçelerinde gezip ýörkäň, gurluşyk harytlarynyň bollugyna her ädimde duş gelýärsiň.

Köçeleriň ugrundaky gurluşyk harytlarynyň bollugy we ol harytlara bilen gyzyklanma nätanyş adamlary haýran galdyrýar. Bular ýönekeý harytlar däl, dogrusy, bular Aşgabat we onuň töweregindäki ýumrulan jaýlardan sökülip getirilen materiallar.

Şonuň üçin bu bazar il arasynda “Ahalyň gözýaşy” diýlip atlandyrylýar.

Bazar

Şol obanyň ýaşaýjylarynyň uly bir bölegi gurluşyk harytlarynyň söwdasy bilen meşgullanýar. Özüne demirçilik kärini edinen 35 ýaşlaryndaky Poladyň aýtmagyna görä, olar jaý ýumrulýanlygyny eşiden badyna, gidip, şol etrapdan habar alýarlar, satlyk zat bolsa, dessine satyn alyp, bu bazara getirýärler.

“Eger bir ýerde jaý ýykylýar diýip eşitsek, biz baryp, öý eýesini görýäris. Bahasyny ylalaşyp, ondan jaýyna degişli matariallary tutuşlygyna satyn alýarys we söküp, kerpijini Aşgabatda satýarys, galan zatlaryny bolsa oba getirýäris” diýip gürrüň berdi.

Ýumrulan jaýlardan bu ýere esasanam şifer, agaç-tagta, her ölçegdäki turbalar we iň köp getirilýäni hem demirdir. Getirilen demirleri adamlar howluda kölegelik telär edinmek, öýüň üçegini ýapmak, ýa bolmasa başga zatlar üçin ulanýarlar.

Aşgabadyň gün saýyn giňelip barmagy bilen, paýtagt we onuň töwereginde ýerleşýän jaýlaryň ýumrulmagy ýaly wakalara hem ýygy-ýygydan duş gelinýär. 23-nji iýulda Aşgabadyň Çandybil etrabynyň ilat arasynda “Wosmoý”, ýagny ”8-nji mart” diýlip atlandyrylýan raýonynyň Nurberdi Pomma we Kerki köçelerindäki jaýlardan ep-eslisi ýykyldy.

Ondan ozal Berzeňňi massiwindäki daçalaryň sökülýändigi, maý aýynda hem Çoganlyda jaý ýykylşygy bolupdy. Ruhabatdaky jaý ýykylşygynd bolsa ýerli ýaşaýjylar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda dartgynlygyň emele gelendigi hem habar berlipdi.

Iş orunlary

Ahalda jaýlaryň ýumrulmagy ol ýerdäki adamlary kyn ýagdaýa salýan bolsa-da, Marydaky Hyrslan Jumaýew adyndaky bu obanyň käbir ýaşaýjylaryny iş bilen üpjün edýär. Gurluşyk harytlary bilen meşgullanýan ýigit Poladyň aýtmagyna görä, ol ilkibaşda Aşgabada işiň gözlegine giden bolsa, häzir diňe gurluşyk harydynyň söwdasyny etmäne gidýär.

“Häzir meniň öz demir sehim bar. Bu sehde men kölegelik telär üçin formalary taýýarlaýaryn. Menden, gelip, gurluşyk harytlarynyň söwdasyny edýän adamlar bu materiallary satyn alyp gidýärler, bolmasa-da özüm ýene-de Aşgabatda satýaryn” diýip, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Poladyň aýdanlaryndan çen tutulsa, onuň demir sehinde obanyň ýaşlary üçinem iş bar. Mekdepden gelen ýaşlar naharlanyp, demir sehinde demir göneldýärler. Sebäbi getirilýän demirler köplenç ýemnşerilip gelýär. Demiriň galyňlygyna görä olara metrine pul tölenýär. Meselem, demir ýuka bolsa, onuň metri 6 teňňe, galyňlygyna görä, 30 teňňä çenli nyrhlary bar. Netijede demir düzeldýänçi bolup işleýän bir adam günlük ortaça 20 manat gazanýar.

Poladyň aýtmagyna görä bolsa, demirçileriň oňarýan zatlaryna uly isleg bar. Käbir adamlar ýörite gelip, ölçeglerini tabşyryp, olara kölegelik demir oňaryp bermegi sargaýarlar. Ondan başga-da, Mary welaýaty bilen çäklenmän, Polat öz oňaran gurluşyk harytlaryny Türkmenabat şäheriniň iň uly bazary bolan “Dünýä bazaryna” hem satmana alyp gidýändigini gürrüň berdi.

Söwdanyň barha gyzygmagy bilen, ýerli häkimiýetler, muňa garşy belli bir çäre hem görüp başlapdyrlar. Poladyň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler indi ýoluň ugrunda hiç hili gurluşyk harytlaryny çykarmaň diýip, olara duýduryş beripdirler.

Ondan başga-da, soňky wagtlar ýygy-ýygydan kesilýän tok-da bu obadaky ussalaryň işine oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG