Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň resmisi suduň kararyna eýermejekdigini mälim etdi


Penşenbe güni Pakistanyň korrupsiýa garşy göreş boýunça edarasynyň başlygy Fasih Bokhari ýurduň premýer-ministrini tussag etmek barada Ýokary suduň kararyny ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi.

Şu hepdäniň sişenbe güni Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Raja Perwez Aşrafy korrupsiýada günäli tapyp, onuň tussag astyna alynmalydygy barada karar çykardy.

Emma Pakistanyň korrupsiýa garşy göreş alyp baryjy edarasy bolan Milli hasabat býurosynyň başlygy Fasih Bokhari premýer-ministriň işi bilen baglanyşykly geçirilen deslapky derňewlerde käbir ýalňyşlyklara ýol berlendigini öňe sürdi.

Onuň bu beýanatynyň yzy bilen Ýokary suduň baş sudýasy Iftikhar Çaudry Fasih Bokhariden özünde bar bolan delilleri suduň garamagyna getirmekligi talap etdi.
XS
SM
MD
LG