Sepleriň elýeterliligi

Somaliniň söweşijileri fransuz raýatynyň öldürilendigini aýdýarlar


Penşenbe güni Somalidäki yslamçy söweşijiler geçen dynç alyş güni fransuz harbylary tarapyndan zamunlykdan azat edilmäge synanyşylan fransuz raýatynyň jezalandyrylyp öldürilendigi barada beýanat ýaýratdylar.

Al-Şabaab atly ekstremistik toparyň Twitter arkaly ýaýradan maglumatynda Fransiýanyň raýaty Denis Alleksiň çarşenbe güni öldürilendigi aýdylýar.

Fransuz razwedkasynyň agenti Denis Alleks 2009-njy ýylda Somalidäki ekstremistik söweşijiler tarapyndan zamun alnypdy.

Fransiýanyň resmileri 12-nji ýanwarda Denis Alleksi zamunlykdan halas etmek boýunça geçirilen operasiýada iki sany fransuz esgeriniň we 17 sany ýerli somalili raýatyň ölendigini aýdýarlar.

Bu operasiýada fransuz harbylaryna Denis Alleksi zamunlykdan azat etmek başartmandy.
XS
SM
MD
LG