Sepleriň elýeterliligi

BMG ösüş maksatnamalarynyň indiki tapgyryna taýýarlanýar


BMG-niň “Müňýyllygyň ösüş maksatnamalary” boýunça sammit, Nýu Ýork.

BMG-niň “Müňýyllygyň ösüş maksatnamalary” boýunça sammit, Nýu Ýork.

BMG-niň 2015-nji ýyla çenli öz öňünde goýan “Müňýyllygyň ösüş maksatnamalarynyň” birinji tapgyry tamamlanyp barýar. Maksatnamalaryň ählisi başa barmadyk hem bolsa, bu programmanyň dünýäniň ösüşi üçin esasy ugurlary kesgitlemegi başarandygy aýdylýar.

Şu ýyl BMG 2015-nji ýyldan soňky döwür boýunça ösüş maksatnamalaryny kesgitlemeli.

Garyplyk derejesi

Adamyň gününe bir dollardan az pula ýaşamagy – onuň iňňän uly garyplykda ýaşaýandygyny aňladýar.

BMG-niň Dünýä azyk programmasynyň wekilleri ýakynda bir amerikan dollaryna barabar müsür puluny, ýagny 6 funty alyp, Aleksandriýa şäheriniň bazaryna çykdylar. Bazardaky nyrhlardan çen tutulsa, ýerli ýaşaýjylar bir dollara iki ýumurtga, biraz gök önüm we noýba alyp bilýärler, emma bu pul et ýa balyk almaga ýetmeýär.

Hut garyplyk sebäpli BMG 2000-nji ýylda Müňýyllygyň deklarasiýasyny kabul edipdi. Onuň bu ädimi dünýä ýüzünde garyplykda ýaşaýan adamlaryň sanyny iki esse azaltmaklyga gönükdirilipdi. Guramanyň ýene bir maksady çagalaryň başlangyç bilim almagy üçin mümkinçilikleri artdyrmakdy.

BMG-niň “Müňýyllygyň ösüş maksatnamalarynyň” ählisi 2015-nji ýyla çenli durmuşa geçirilmedik hem bolsa, üstünlikler hem bolupdy.

Edilen işler

Dünýä Banky, garyplygy iki esse azaltmak maksatnamasy boýunça, 2008-nji ýylda üstünligiň gazanylandygyny aýtdy. Dünýä Bankynyň analizine görä, global derejede 650 million adam iňňän çuňňur garyplykdan çykypdyr.

Müsüriň hökümetiniň 2010-njy ýyl boýunça resmi hasabatynda ýurduň garyplygy azaltmak boýunça maksatnamasyna ýetendigi aýdylýar. Şeýle-de hökümet 2015-nji ýyla çenli ähli çagalaryň başlangyç bilim almagy üçin mümkinçilik döretmek maksatnamasyny hem berjaý ederlidigini habar berdi.

Beýleki ýurtlar-da, şol sanda Hytaý we Braziliýa Müsür bilen deň derejede üstünlik gazanypdyrlar. Bu barada “2015-nji ýyldan soňky ösüşiň gün tertibi” atly hasabatyň awtory, Kanadanyň Halkara dolandyryş merkeziniň alymy Barri Karin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, BMG-niň “Müňýyllygyň ösüş maksatnamalary” programmasy meselä has köp ünsi çekdi we bu ugurda degerli çäreleriň görülmegine itergi berdi.

Indiki ädimler

Dünýäde iňňän çuňňur garyplykdan we bilimsizlikden saplanan adamlaryň sanynyň artmagy bilen indi adamlaryň geljege bolan umytlaryny güýçlendirmek üçin ýollaryň tapylmagy zerur. Şu nukdaýnazardan 2013-nji ýylyň halkara ösüş üçin ähmiýetli ýyl boljagyna garaşylýar. Halkara jemgyýetçiligi indi 2015-nji ýyldan soňky döwür boýunça maksatnamalaryny kesgitlemäge taýýarlyk görýär.

BMG 24 agzadan ybarat ýokary derejeli toparyny döretdi. Oňa Liberiýanyň prezidenti Ellen Jonson Serleaf, Indoneziýanyň prezidenti Susilo Bambang Ýudhoýono we Birtaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron girýärler.

Indiki aýda Liberiýanyň paýtagty Monrowiýada özüniň üçünji duşuşygyny geçirmäge taýýarlanýan bu ýokary derejeli topar “ykdysady geçiş” boýunça öz “garaýyşlaryny hem strategiýasyny” hödürlemekçi.
XS
SM
MD
LG