Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa zamun krizisiniň dowam edýändigini aýdýar


Britanaiýanyň daşary işler edarasy Alžirde yslamçy jeňçiler tarapyndan alnan zamunlary halas etmek operasiýasynyň ýaýbaňlanýadygyny aýdýar.

Daşary işler sekretary Willýam Heýg özüniň Twitter sahypasynda Amenas gaz kärhanasyndaky ýagdaý babatdaky detallaryň aýdyň bolman galýandygyny aýtdy.

Heýg Britaniýanyň alžir häkimiýetleri bilen ýakyndan işleşýändigini hem sözüne goşdy.

Alžiriň döwlet metbugaty dördünji gün, dikuçarlar bilen goldanýan goşunlar zamunlary halas etmek operasiýasyna başlanda, daşary ýurtly zamunlaryň birnäçesiniň zamun alyjylar tarapyndan öldürilendigini habar berdi.

Azyndan 4 zamun boşadyldy. Emma beýlekiler baradaky ýagdaý nämälimligine galýar.

Jeňçiler halas ediş operasiýasy wagtynda 35 zamunyň, 15 zamun alyjynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Jeňçiler üçünji gün Liwiýanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän gaz kärhanasyny eýelediler. Olar Fransiýadan goňşy Malidäki operasiýalaryny bes etmegi talap edýärler.
XS
SM
MD
LG