Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Ýokary sudy parlament başlygynyň derňewine 6 gün berýär


Pakistanyň Ýokary sudy hökümetiň korrupsiýa garşy işleýän iň ýokary edarasyna premýer-ministr Raja Perwez Aşrafyň garşysyna bildirilýän korrupsiýa aýyplamalaryny mundan aňryk hem derňemek üçin ýene 6 gün berdi.

Dördünji gün ýurduň Milli hasabat beriş býurosynyň başlygy Fasih Bohari derňewiň ýeterlik bolmandygyny aýdyp, suduň Aşrafy tussag etmek buýrugyndan boýun gaçyrdy.

Baş sudýa Iftikhar Çaudry Bohariniň indiki hepde subutnamalary gaýtadan gözden geçirmäge dolanmagyny buýurdy.

Aşraf 2008-2011-nji ýyllar aralygynda suw we elektrik ministri bolan wagtynda öz wezipesinden bikanun peýda görendigini ret edýär. Aşraf suduň tussag edilmegini buýran 16 resmisiniň biridir.
XS
SM
MD
LG