Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Armstroň kuwwat beriji dermanlary ulanandygyny boýun alýar


Lans Armstroň özüniň tigir sürmek karýerasy bilen baglylykda kuwwat beriji dermanlary ulanandygyny boýun aldy.

Ol bu boýun alşy Oprah Winfreýiň dördünji gün efire berlen teleşowuna beren interwýusynda etdi.

Ol öz tigir sürmek karýerasy bilen bagly kuwwat beriji dermanlary ulanandygy üçin özüni erbet duýmaýandygyny, emma mundan soňky ömrüni adamlaryň ynamyny gaýtadan gazanmak üçin sarp etmeli boljagyny aýtdy.

Şeýle-de, ol özüniň şeýle dermany soňky gezek 2005-nji ýylda ulanandygyny, emma 2009-2010-njy ýyllardaky yza dolanyş mahalynda beýle dermanlary ulanmandygyny aýtdy.

Armstroň bu dermanlary ulanany üçin ähli sport derejelerinden mahrum edildi we sponsorlaryny ýitirip, 1997-nji ýylda döreden sahawatçylyk fondy bilen galdy.
XS
SM
MD
LG