Sepleriň elýeterliligi

Britan premýer-ministri zamun krizisiniň entek çözülmändigini aýdýar


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron anna güni parlamente Alžirdäki zamun krizisiniň entek sowulmandygyny, ýagdaýyň howplulygyna galýandygyny aýtdy.

Kameron alžir goşunlarynyň terroristleri henizem yzarlaýandygyny, Liwiýanyň serhedine golaý Amenas gaz kärhanasynyň bir böleginde bolsa, zamun alnanlaryň gözleginiň dowam edýändigini aýtdy.

Ol boşadylman galan zamunlaryň arasynda angliýaly, alžirli adamlardan başga-da azyndan ýedi ýurduň raýatynyň bardygyny habar berdi.

Premýer-ministr alžir hökümetiniň halas edip operasiýasy barada öňünden habar bermezliginden lapykeç bolandygyny hem sözüne goşdy.

Alžiriň hökümet habar gullugy azyndan on ýurduň raýatynyň zamunlykda saklanýandygyny tassyk etdi.

Şeýle-de bu habar gullugy şu wagta çenli azyndan 18 terrorçynyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG