Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Karimowa öz tankytçylary bilen gidişýär


Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa, 9-njy awgust, 2012.
Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa, 9-njy awgust, 2012.
2012-nji ýyl Gülnara Karimowa we Twitter üçin ullakan ýyl boldy. Şeýle-de, ýanwar aýynyň ilkinji günleriniň görkezişine görä, 2013-nji ýyl hem ondan kem bolmajaga meňzeýär.

Köpler Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowany kakasynyň awtoritar režiminde tankydy diş diýip hasapýarlar we adatça, ol ýiti habar serişdelerinden başgalar üçin elýetersiz. Ýöne häzirki wagtda Gülnara Karimowa BBC telekanalynyň habarçysy Natalia Antelawany özüne şyltak atmakda hem-de adyny “öz abraýyny beýgeltmek” üçin ulanmakda aýyplaýar.

Soňky tersleşik Antelawanyň Twitter hasabynda möwjäp başlady. Şol tersleşik 3-nji ýanwarda “New Ýorkeriň” websaýtynda çap boldy.

Twitterdäki tersleşik

Şonda Twitterde Karimowanyň, Antelawanyň we Halkara krizis toparyndan Andrew Stroehleiniň arasynda bolan haýran galdyryjy söhbetdeşlik beýan edilýär. Stroehlein, Gülnara Karimowa ýörite garşy çykyp, Özbegistanda depgilenýän adam hukuklary meseleleriniň çözülmegini wada berse-de, onuň öz sözünde durmaýandygyny aýdyp, bu wadalary “biderek” diýip häsiýetlendirdi.

“Gülnaradan tweetler: diktatoryň gyzy” sözbaşysy bilen bu sahypada çap edilen materiallar okyjylara Karimowanyň şahsy işleri barada birnäçe gyzykly habarlary hödürleýär. Gülnara Karimowanyň pikiriçe, şol sanda “diktatoryň gyzy” sözi-de, elbetde, “akmak manysynda” ulanylýar.

Özbegistanda mejbury ýagdaýda sterilizirlenen, ýagny çaga dogurmak mümkinçiliginden mahrum edilen aýallar bilen duşuşmak, gürleşmek üçin ýaňy-ýakynda Özbegistana giden Antelawanyň ýurtdan güýç bilen deport edilmegi baradaky sorag Karimowanyň bu jedelleşige goşulmagyna itergi beren aýratynlykdyr.

Aýallaryň zorluk bilen dogurmakdan galdyrylmagy prezident Yslam Karimowyň Özbegistanyň oba ilatynyň san taýdan ösüşini togtatmak üçin alyp barýan syýasatynyň bir bölegi diýlip hasaplanýar.

Özara aýyplamalar

Şol sözbaşylar çap edilenden birnäçe sagat soň Karimowa bilen Antelawa gönüden-göni Twitter arkaly jedelleşige girişdiler. Antelawa bir tweetinde: “Özbegistanly bir biznesmeniň Özbegistanda biznesi ütünlik gazandy. Soňra-da Karimowanyň islegi bilen Özbegistanyň häkimiýetleri tarapyndan onuň işi durzuldy we ol Gazagystana gaçmaga mejbur boldy” diýip ýazýar. Karimowa hem öz gezeginde Antelawanyň bu aýdanlaryny “bolgusyz” diýip häsiýetlendirdi.

Beýleki tarapdan, Karimowa BBC telekanalynyň žurnalistini “bir adamy garalamaga” synanyşmakda we Karimowyň abraýyny garalamak üçin Özbegistandan “ogurlanan” pullary kabul etmekde aýyplaýar.

Antelawa Karimowanyň özüne hem-de Stroehleine ýazan tweetlerinde tankyt edilmeginiň öz pikirini aňlatmaga mümkinçilik berendigini aýdyp, şeýle diýýär: “Karimowa özüni iňňelemekde, menden we Andrewden göwnüniň galandygyny ýaňzytjak bolýar. Ol görýän zatlaryndan göwnüniň galandygyny ýaňzydýar. Şeýle-de onuň žurnalistika çozuşyny görmek hem gyzyklydy. Ol munuň üçin bize pul tölenendigi, özümizi beýgeltmäge synanyşýandygymyz we şan-şöhrat gözleýändigimiz sebäpli bu işi edýändiris öýdýär”.

Antelawa Twitterde bolan sene-mene arkaly Karimowa basyş etdi. Ol Karimowanyň “Forum” atly haýyr-sahawat fondy ençeme aýallaryň saglyk ”inisiatiwalaryna”, ýagny aýallaryň zorluk bilen dogruşdan galdyrylmagyna belli bir derejede hemaýat edýär diýip ýazdy.

Bu jedeliň soňunda Karimowa Antelawany bir problemadan beýleki problema çawjamakda aýyplady we özüne berilýän sowallaryň Saglyk ministrligine berilse, gowy boljakdygyny aýtdy.

Şeýlelik-de 40 ýaşly Karimowa Antelawany “köşeşmäge” çagyryp, söhbetdeşligi tamamlady.
XS
SM
MD
LG