Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Alžirde zamun alyjylar bilen çaknyşyklar dowam edýär


Alžiriň howpsuzlyk güýçleri indi dördülenji gün bu ýurduň Liwiýa bilen serhet ýakasyna golaý erdäki gaz zawodynda yslamçy ekstremistler bilen söweş alyp barýarlar.

Howpsuzlyk güýçleri zawodyň binalarynyň aglabasyny öz kontrollygyna aldylar. Emma binalardan käbirlerinde söweşijiler garşylyk görkezmeklerini dowam etdirýärler.

Bu çaknyşyklar şu geçen hepdäniň çarşenbe güni ýaragly söweşijileriň bu zawoddaky ýerli we daşary ýurtly raýatlary zamun almaklary bilen başlanypdy.

Alžiriň häkimiýetleri bu gaz zawodynyň territoriýasynda zamun alnan raýatlary halas etmek boýunça geçirilen operasiýalarda zamunlykdaky ýüzlerçe adamyň halas edilendigini we olardan 12-siniň ölendigini aýdýarlar.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, ýaragly söweşijilerden hem 18-si öldürilipdir. Ýöne zamun alnan 30 töweregi adamdan henizem habar-hatyryň ýokdugy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG