Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BSG-a agza bolmak isleýär


2012-nji ýylyň maý aýyna çenli Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolan ýurtlaryň kartasy: gök reňkde agzalar, gyzyl reňkde kandidatlar (Orsýet 2012-nji ýylyň güýzünde agza boldy).
2012-nji ýylyň maý aýyna çenli Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolan ýurtlaryň kartasy: gök reňkde agzalar, gyzyl reňkde kandidatlar (Orsýet 2012-nji ýylyň güýzünde agza boldy).
Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatynda käbir beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak meselesi barada-da gürrüň edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimhamedow bu mesele barada aýratyn durup geçip, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselesini öwrenmelidigini belledi.

Ol Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, aýratyn-da, wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip “Siz ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolup girmegi bilen bagly meseläni, şeýle hem bu gurama agza bolup girmegiň tertibini öwreniň” diýip, tabşyryk berdi.

G.Berdimuhamedow bu gürrüňi edilýän mesele boýunça ýörite hökümet toparyny döretmek barada hem teklipleriň taýýarlanmalydygyny belledi.

Mundan daşary, ol: “Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen bu gurama agzalyga kabul edilmegi bilen bagly gepleşikleri hem geçirip başlaň. Bu ugurda geçiren işleriňiz barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlislerinde hasabatlaryňyzy berersiňiz” diýip, A.Goçyýewe tabşyryk berdi.

ÝB muny goldajagyny aýdýar

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak meselesi mundan ozal 2011-nji ýylyň ýanwarynda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barrosynyň Türkmenistana sapary wagtynda hem gozgalypdy.

Jose Manuel Barroso şonda Türkmenistanyň bu dünýä guramasyna agza bolmagynyň Türkmenistanyň regional we global söwdasyndaky paýynyň has artmagyna, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşine ýardam etjekdigini belläpdi.

Şol saparynda jenap Barroso Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak meselesini Ýewropa Bileleşiginiň goldamaga taýýardygyny-da mälim edipdi.

Ýewropa Bileleşigi soňky wagtlar Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirip gelýär. Käbir ekspertler Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagynyň onuň energiýa söwdasy bilen bagly meselelerine-de oňaýly täsir etjekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG