Sepleriň elýeterliligi

“Dreamliner 787” kysymly uçarlaryň öndürilişi togtadyldy


Birleşen Ştatlaryň uçar öndüriji “Boing” kompaniýasy “Dreamliner 787” kysymly uçarlarynyň öndürilişiniň wagtlaýynça togtadylandygyny mälim etdi.

Kompaniýa munuň sebäbini bu uçarlaryň tehniki howpsuzlygy boýunça häzirki wagt barlaglaryň alnyp barylýandygy bilen düşündirdi.

Halkara ekspertleri ýakynda “Dreamliner 787” kysymly uçarlardan ikisinde ýüze çykan heläkçilikleriň sebäbini anyklamak boýunça häzirki wagt barlag alyp barýarlar.

Mundan daşary, ýakynda Ýaponiýada şu kysymly uçarlardan biriniň içinde ýüze çykan ýangyn sebäpli, uçar gyssagly ýagdaýda ýere gonmaly bolupdy.
XS
SM
MD
LG