Sepleriň elýeterliligi

Pakistan owganystanly talybanlary azatlyga goýbermekçi


Şenbe güni Pakistanyň daşary işler ministri Jalil Jilani Pakistanyň owganystanly ähli talyban tussaglary azatlyga goýbermekligi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Abu Dabide geçirilen metbugat konferensiýasynda bu barada eden çykyşynda ol azatlyga goýberiljek talybanlaryň arasynda owganystanly talyban komandirlerinden biri Molla Abdul Gani Baradaryň-da boljakdygyny aýtdy.

Owganystanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Najibullah Mujadedi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Pakistanyň bu planlaryny hoşallyk bilen garşy alandyklaryny mälim etdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol mundan ozalky azatlyga goýberilen owganystanly tussaglary Owganystana getirmek meselesinde Pakistana ýardam sorap, ýüz tutandygyny-da aýtdy.
XS
SM
MD
LG