Sepleriň elýeterliligi

Baku: Hususy söwdegärler polisiýa bilen çaknyşdy


Polisiýanyň bir protestçini tussag edýän pursady. Baku, 19-njy ýanwar, 2013.

Polisiýanyň bir protestçini tussag edýän pursady. Baku, 19-njy ýanwar, 2013.

Şenbe güni Azerbaýjanyň polisiýasy Baku şäherinde dükanlaryň kärende töleginiň ýokarlandyrylmagyna nägilelik bildirip, proteste çykan söwdegärleri dargatmak üçin güýç ulandy.

Bu wakada müňe golaý protestçiniň Azerbaýjanyň Alat şäheri bilen Baku şäheriniň aralygyndaky esasy transport ýolunyň ugruny baglandyklary habar berilýär. Maglumata görä, protestçileri dargatmak üçin polisiýa işgärleri göz ýaşardyjy gazlary we dubinkalary ulanypdyr.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň maglumatyna görä, protestçiler polisiýa işgärlerine garşy daş zyňyp, garşylyk görkezip, transport ýoluny baglamaklaryny dowam etdirmäge synanyşypdyrlar.

Wideo: RFE/RL-niň Azeri gullugynyň düşüren wideosy


Iki sagada golaý dowam eden bu garpyşyklardan soň polisiýanyň bu protestçileri dargadandygy habar berilýär. Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi bu wakada 15 sany protestçiniň tussag edilendigini mälim etdi.

Nägileligiň sebäpleri

Bakudaky hususy “Bina” söwda merkezinde söwda edýän söwdegärler bu merkezdäki dükanlaryň her aýdaky kärende bahasynyň indi 300 dollara çenli ýetýändigini aýdyp, muňa nägilelik bildirýärler. Olar özlerine başga-da dürli hili salgytlaryň salynýandygyny aýdýarlar.

Bu söwdegärlerden biri özleriniň töleýän tölegleri barada şeýle diýdi: “Olar kärende töleglerini 250 manat (190 dollar) töweregi gymmatlatdylar. Biz öz hukugymyzy talap edýäris. Munuň daşyndan olar 5 müň manat (3 müň 850 dollar töweregi) pul ýygnadylar. Muny hemme kişi bilýär. Indi bolsa olar ýene goşmaça 3 müň 500 manat (2 müň 700 dollar töweregi) almak isleýärler”.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi protestsçilere garşy rezin oklaryň atylandygy barada media serişdelerinde peýda bolan maglumatlary inkär etdi.

Içeri işler ministrligi şenbe güni polisiýa bilen bolan bu çaknyşyklar boýunça Bakuwyň prokuraturasynyň jenaýat işini gozgandygyny mälim etdi. Ministrlik bu çaknyşyklarda 10 sany polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny we protestçilerden hem ýaralananlaryň bardygyny aýtdy.

Şenbe güni gurnalan bu protest çäresini goldamak maksady bilen Bakuda 5 müň töweregi hususy söwdegärler we biznesmenler öz dükanlaryny ýapdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG