Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Daşary işler ministri prezident Assady golap çykyş etdi


Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden gitmek meselesiniň “kabul ederliksizdigini” aýdyp, çykyş etdi.

Şenbe güni döwlet telewideniýesinde eden bu çykyşynda ol Siriýadaky söweşijileri öz ýaraglaryny taşlamaklyga hem-de parahatçylyk boýunça dialog konferensiýasyna gatnaşmaklyga çagyrdy.

Walid al-Moallem bu dialoga gatnaşjak islendik bir wekiliň giň ygtyýarlyklary bolan täze hökümetiň işine gatnaşyp biljekdigini belledi.

Siriýanyň daşary işler ministriniň bu çagyryşyna häzirlikçe oppozision söweşijilerden reaksiýa bolmady. Ýöne synçylar onuň bu çagyryşyny söweşijileriň ret etmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Ýakynda BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi hem bu ýurtda dörediljek geçiş hökümetiniň işine prezident Başar al-Assadyň gatnaşmaly däldigini aýdyp, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG