Sepleriň elýeterliligi

Barak Obama ikinji möhlet prezidentlige kasam edýär


Ýekşenbe güni Ak Tamda Barak Obamanyň öz prezidentliginiň ikinji möhletine kasam edişlik dabarasy geçirilýär.

Birleşen Ştatlaryň konstitusiýasyna laýyklykda, kasam edişlik dabarasy 20-nji ýanwarda gurnalýar. Ýöne bu günüň dynç alyş gününe gabat gelýändigi sebäpli, dabaranyň ilkinji bölegi Ak Tamda ýapyk görnüşde geçiriler.

Jemgyýetçilik üçin açyk dabara duşenbe güni Ak Tamyň öňünde daşarda gurnalar. Oňa, takmynan, 800 müň töweregi adam tomaşa etmäge geler diýlip garaşylýar.

Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda demokrat Barak Obama ruspublikançy Mitt Romniden üstün çykypdy.
XS
SM
MD
LG