Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alžir: Zamun alyjylara garşy harby operasiýalar tamamlandy


Alžiriň resmileri Liwiýa bilen serhede golaýdaky gaz zawodynda ýaragly söweşijilere garşy geçirilen operasiýanyň dört günden soň tamamlanandygyny mälim etdiler.

Alžirin hökümeti zamun alnan adamlary halas etmek boýunça geçirilen bu harby operasiýanyň dowamynda ýaragly söweşijilerden 32-siniň öldürilendigini aýdýar.

Bu maglumata görä, bu operasiýada 685 sany ýerli işçi we 107 sany daşary ýurtly raýat zamunlykdan halas edilipdir, şeýle hem zamun alnanlardan 23-si ölüpdir.

Bu çaknyşyklar şu geçen hepdäniň çarşenbe güni ýaragly söweşijileriň bu zawoddaky ýerli we daşary ýurtly raýatlary zamun almaklary bilen başlanypdy.

Alžiriň häkimiýetleri häzirki wagt bu gaz zawodynyň territoriýasyny söweşijileriň goýup giden minalaryndan arassalamak işiniň alnyp barylýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG