Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkisýan: “Hiç kime öz garşydaşym hökmünde seretmändim”


Prezident Serž Sarkisýan (çepde) Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň direktory Harry Tamrazýan bilen söhbetdeşlikde. Ýerewan, 19-njy ýanwar, 2013.
Prezident Serž Sarkisýan (çepde) Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň direktory Harry Tamrazýan bilen söhbetdeşlikde. Ýerewan, 19-njy ýanwar, 2013.
Ermenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna bir aýa golaý wagt galdy. 18-nji fewralda geçiriljek bu prezidentlik saýlawlarynyň öňýany Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy ýurduň häzirki prezidenti Serž Sarkisýan bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Postsowet döwründe Ermenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlary halkara we ýerli synçylar tarapyndan belli bir derejede tankytlanylyp gelindi. Bu gezek siz saýlawlaryň azat we adalatly geçmegini nähili üpjün etmekçi?

Prezident Sarkisýan: Ermenistandaky saýlawlar diňe bir postsowet döwründe kynçylykly bolmady. Ozaly bilen, men sowet ýyllarynda-da Ermenistandaky saýlawlar kämil derejede geçýärdi diýip pikir etmeýärin. Ikinjiden, belki, siziň pikiriňizçe, postsowet döwründe geçirilen ilkinji prezidentlik saýlawlary tankyt edilmedik saýlawlar bolup görünýändir. Emma, hakykatynda, ilkinji saýlawlar soňky saýlawlara görä has uly tankyda sezerwar boldy diýip pikir edýärin. Men parlament saýlawlaryny göz öňünde tutýaryn.

Bu soragyň goýulyşy bilen ylalaşmazlykdan ötri, men öz standartlarymyzy ýokarlandyrmalydygy bilen ylalaşýaryn. Biz hemişe öz halkymyzyň we partnýorlarymyzyň ynamyny has artdyrmaga çalyşmak arkaly saýlawlary gurnadyk.

Wideo: Ermeni prezidenti Serž Sarkisýan bilen söhbetdeşlik
please wait

No media source currently available

0:00 0:13:47 0:00

Meniň pikirimçe, 2012-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary negatiw däl-de, has pozitiw seslenmeleri döretdi. Sentýabr aýynda ýerli hökümet organlaryna geçirilen saýlawlar bolsa Ýewropa standartlaryna doly laýyk gelýän saýlawlar hökmünde baha aldy. Biz 2012-nji ýylda gazanylan bu netijeleri 2013-nji ýylda geçiriljek saýlawlar üçin göz öňünde tutulmaly iň bärki standart diýip hasaplaýarys.

Özümiziň şeýle saýlawlary geçirip biljekdigimize meniň uly ynamym bar. Sebäbi şeýle derejede geçiriljek saýlawlar, ozaly bilen, biziň öz bähbitlerimize, galyberse-de, partnýorlarymyzyň bähbitlerine-de gabat gelýär...

Azatlyk Radiosy: Ermenistan Ýewropa Bileleşigi bilen-de hyzmatdaşlyk saklaýar...

Prezident Sarkisýan: Elbetde, elbetde, hemmeler bilen... Hut şoňa görä-de, men ýene bir gezek gaýtalaýaryn, biz ozalky gazanylan netijeleri özümiz üçin iň pes derejedäki ölçeg hökmünde goýýarys. Şeýle üstünligi gazanmak üçinem biz ähli mümkin bolan tagallalary ederis.

Azatlyk Radiosy: Jenap prezident, bu prezidentlik saýlawlarynda siziň esasy bäsdeşiňiz boljak kandidat kim? Edil häzirki wagt siziň esasy garşydaşyňyz kim?

Prezident Sarkisýan: Siziň birinji ulanan sözüňiz has dogry – garşydaşym däl-de, bäsdeşim. Sebäbi, dogrusyny aýtsam, men saýlawlaryň hiç birinde-de hiç kime öz garşydaşym hökmünde seretmändim.

Hakykat ýüzünde, eger siz ozalky gurnalan saýlaw proseslerine üns berseňiz, siz biziň kimdir-birine garşy iş alyp barmandygymyzy görersiňiz. Biz hemişe nämedir bir zada garşy çykyş etmek däl-de, nämedir bir zady goldap çykyş etmek prinsipinden ugur alyp geldik.

Şeýlelikde, biz öz tagallalarymyzy kimdir-birleriniň ýalňyşlyklaryny ýa ejiz taraplaryny açyp görkezmek üçin däl-de, eýsem öz ideýalarymyzyň has giň goldaw tapmagy üçin gönükdirdik. Şu nukdaýnazardan, şu geljekki saýlawlar hem kadadan çykma bolmaz. Bar bolan belli bir ýagdaýlara-da garamazdan, biz bu gezegem özümiziň bu pozisiýamyza ygrarly bolup galarys.

Azatlyk Radiosy: Jenap prezident, oppozisiýa lideri Lewon Ter-Petrosýanyň saýlawlara gatnaşmazlyk baradaky karary barada nähili pikir edýärsiňiz?

Prezident Sarkisýan: Bu onuň öz şahsy karary, şoňa görä-de men muňa hormat bilen garamaly.
XS
SM
MD
LG