Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa alban söweşijilerine bagyşlanan ýadygärligi aýyrdy


Ýekşenbe güni Serbiýanyň polisiýasy etniki alban söweşijileriniň hormatyna dikilen dawaly memorial monumentini ozalky gurlan ýerinden aýyrdy.

Alban ilatynyň güri ýaşaýan ýeri bolan Presowo şäheriniň merkezindäki bu memorial monumenti aýyrmak çäresine iki ýüz sany polisiýa işgäri gözegçilik etdi.

Ýerli albanlar bu memorial monumenti alban gahrymanlarynyň hormatyna dikilen ýadygärlik hasaplap, onuň aýrylmagy barada Serbiýanyň merkezi hökümetiniň beren görkezmesini ýerine ýetirmän gelýärdiler.

Serbiýanyň häkimiýetleri 1999-2001-nji ýyllaryň urşunda serblere garşy urşan alban söweşijilerine terroristler hökmünde baha berýärler.

Ýekşenbe güni ÝHHG guramasy bu monument baradaky dawalaryň serb we alban milletleriniň ikisi üçinem bir bähbitli çözgüt tapmandygyna öz gynanjyny bildirýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG