Sepleriň elýeterliligi

Bolgariýada syýasy partiýanyň liderine sapançaly hüjüm edildi


Bolgariýanyň “Hukuklar we Azatlyklar hereketi” atly syýasy partiýasynyň lideri, türk asylly Ahmet Doganyň kellesine sapança çenän bolgar raýaty özüniň bu hereketini Ahmed Dogana “sapak bermek” üçin edilen hereket diýip häsiýetlendiripdir.

Bu waka şenbe güni Sofiýadaky bir maslahatlar zalynda Ahmet Doganyň öz partiýasynyň wekilleriniň öňünde çykyş edip duran pursaty ýüz berdi. Wakada Bolgariýanyň raýaty Oktaý Enimehmedow tribuna çykyp, Ahmet Doganyň kellesine çapança çenäp, oňa hüjüm etdi.

Bolgariýanyň polisiýasy bu wakada Oktaý Enimehmedowyň sapançanyň gysawajyna gysyp, ony hakykatdanam iki gezek atmaga synanyşandygyny, emma sapançanyň göçmändigini aýdýar.

Polisiýa Bolgariýanyň bu raýatynyň syýasy partiýanyň lideriniň janyna kast etmek synanyşygynda günäli tapylan halatynda, oňa alty ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmeginiň mümkindigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG