Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Amerikan harby uçarlarynyň hüjüminde 9 adam öldi


Şenbe güni giçlik amerikan harby uçarlarynyň Ýemende geçiren howa hüjümlerinde “Al-Kaýda” bilen baglanyşykly diýlip hasaplanylýan 9 sany söweşijiniň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

Ýekşenbe güni Ýemeniň mediasy bu wakada ýurduň Marib prowinsiýasynda aýry-aýrylykda üç sany howa hüjüminiň geçirilendigini habar berdi.

Şeýlelikde, soňky bir aýyň dowamynda Ýemende amerikan uçarlarynyň geçiren howa hüjümlerinde ölen adamlaryň sany azyndan 23-e ýetdi.
XS
SM
MD
LG