Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Ýetginjek oglan bäş adamy atyp öldürdi


ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynda ýetginjek bir oglan bäş adamy atyp öldürdi.

Polisiýanyň ýekşenbe güni beren maglumatyna görä, Albukuerk şäherindäki bir öýüň içinde erkek kişiniň, aýal maşgalanyň we üç sany çaganyň jesedi tapylypdyr.

Polisiýa bu hüjümi amala aşyrmakda şübhelenýän adamyň şenbe güni giçlik tussag edilendigini habar berýär. Häzir oňa adam öldürmek boýunça aýyplamanyň bildirilmegine garaşylýar.

Ýetginjegiň nämä esaslanyp bu hüjümi amala aşyrandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG