Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Tussaglykdaky oppozisiýa aktiwisti janyndan howatyr edýär


Orsýetde oppozisiýa aktiwisti Leonid Razwozžaýew Moskwanyň sudundaky diňlenşikde öz jayndan howatyr edýändigini aýtdy.

Razwozžaýew bu barada internet arkaly Irkutsk şäherindäki tussaghanadan maglumat berdi. Ol türmede oňa haýbatyň atylandygyny, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

Munuň netijesinde, Razwozžaýewiň tussaghanadan goýberilmegi baradaky eden çagyryşy sud tarapyndan kanagatlandyrylmady.

Razwozžaýew geçen ýylyň oktýabrynda Moskwada rugsat berilmedik we gazaply protestleri gurnamaga gatnaşdy diýilýän aýyplamalaryň esasynda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG