Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda howpsuzlyk güýçleriniň söweşijiler bilen çaknyşygy gutardy


Owganystanda Kabulyň ýol gözegçilik gullugynyň baş binasynda söweşijiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynkday ok atyşlyk tamamlandy.

Azatlyk Radiosynyň owgan gullugynyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni bolan hüjüme bäş söweşiji gatnaşypdyr. Hüjümiň dowamynda janyndan geçen hüjümçiler bir ulagy we özlerini ýardylar.

Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Abdurrahman Rahman üç söweşijiniň binanyň içine girmegi başarandygyny aýtdy. Birnäçe sagada çeken atyşlykdan soň, howpsuzlyk güýçleri binanyň içindäki söweşijileri öldürdiler.

Rahmanyň berýän maglumatyna görä, ýol gözegçilik gullugynyň üç ofiseri ölüpdir, başga-da 18-si ýaralanypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiliginiň “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG