Sepleriň elýeterliligi

BMG: Owgan türmelerinde gynamalar dowam edýär


BMG-niň berýän maglumatyna görä, owgan türmelerinde, hökümetiň reformalary geçirmek wadalaryna garamazdan, tussaglar heniz hem gynamalara sezewar edilýär.

BMG-niň Owganystanaky Hemaýat beriji missiýasynyň ýekşenbe güni ýaýradan hasabatynda “Owganystandaky köp sanly tussaghanalarda gynamalaryň dowam edýändigi, şeýle-de munuň uly alada döredýändigi” aýdylýar.

Hasabatda owgan hökümetiniň türmelerdäki gazaplylygy duruzmak tagallalarynyň hem başa barmandygy nygtalýar.

Owganystanyň prezidentiniň metbugat wekili Aimal Faizi hasabatda getirilen ýagdaýlaryň derňeljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG